SPORT

Ronaldo dünýä rekordyny goýdy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo nobatdaky rekordyň eýesi boldy. Onda-da dünýä rekordynyň. Ol milli ýygyndynyň düzüminde 111 gol geçirip, dünýä rekordyny goýdy. Mundan ozal bu rekord eýranly ozalky futbolçy Ali Daei degişlidi. Onuň geçiren gollarynyň sany 109-a deňdir.

Ronaldo bu dünýä rekordyny 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Portugaliýanyň ýygyndysy bilen Irlandiýanyň ýygyndysynyň arasynda oýnalan duşuşykda goýdy. 180-nji gezek Portugaliýanyň milli düzüminde oýnan Ronaldo milli ýygyndynyň düzümine iň köp gol geçiren futbolçy boldy.

36 ýaşly Ronaldo bu duşuşykda 2 gezek tapawutlandy we gollarynyň sanyny ilki 110, soňra bolsa 111-e ýetirdi. Ol bu gollaryň 14-nji 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren bolsa, 9 gezek het-trik etdi.

12 ýyldan soňra özüni futbol dünýäsiniň şöhratly basgançaklaryna çykaran “Mançester Ýunaýted” toparyna gaýdyp gelen Ronaldo Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen ýene-de bir rekordyň eýesi boldy. Bu rekordyň hem uzak wagtlap saklanjakdygy ikuçsyzdyr.

Portugaliýanyň 2:1 hasabynda ýeňen duşuşygynda tapawutlanan Ronaldo garşydaşlary Irlandiýanyň özüniň derwezesinden gol geçiren 45-nji milli ýygyndysy boldy. Ronaldo bu duşuşykda 89-njy hem-de 90+6-njy minutlardan tapawutlandy.

RONALDONYŇ ŞARPYGY

Ol duşuşygyň 15-nji minutynda 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanyp bilmedi. Bu jerime urgusyny depmäge taýýarlanýan wagty Irlandiýanyň futbolçysy Dara О’Şi pökgüni jeirme urgusynyň depilýän ýerinden birneme daşlaşdyrdy. Bu gaharlanan Ronaldo irland futbolçysyna şarpyk çaldy.

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini ugratdy

Ýene-de okaň

Mbappe: men bagtly oglan, “Realda” oýnamak arzuwym hasyl boldy

Ata Watan Eserleri

Garet Sautgeýt Angliýanyň tälimçisi wezipesinden gitdi

“Real Madrid” topary Kilian Mbappeni tanyşdyrdy

Ata Watan Eserleri

Messi iň köp kubok gazanan futbolçy boldy

“Zenit” topary 5-nji gezek Russiýanyň Superkubogyny gazandy

Türkmen türgenleri 6 aýda 361 medal gazandy