SPORT

“Ronaldo 40 ýaşyna çenli futbol oýnar”

Dünýäniň iň güýçli futbolçylarynyň biri hasaplanýan hem-de köp sanly rekordlaryň eýesi bolan portugaliýaly Kristiano Ronaldonyň 40 ýaşyna çenli futbol oýnajakdygy mälim edildi. Bu barada onuň ejesi belläp geçdi.

Häzirki wagtda Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynda çykyş edýän Kristiano Ronaldonyň ejesi Dolores Aweýru 36 ýaşyndaky oglunyň futbol durmuşyny dowam etdirjekdigi barada beýanat berdi.

Ol oglundan futbol bilen hoşlaşandan soňra tälimçi bolmagy isläp-islemeýändigi barada sorandygyny belledi. Oglundan durmuşdan lezzet almagy isleýändigi we 40 ýaşyna çenli futbol oýnamagy arzuw edýändigi baradaky jogaplary alandygyny mälim etdi.

Ýaňy-ýakynda, Dubaý şäherinde geçirilen Ýewropanyň klublar assosiasiýasynyň gurnaýan “Globe Soccer Awards” baýragynyň gowşurylyş dabarasynda Kristiano Ronaldo ähli döwürleriň iň gowy hüjümçisi diýen baýraga mynasyp boldy.

Ol mundan ozal, soňky 5 ýylyň dowamynda “Globe Soccer Awards” boýunça “Ýylyň futbolçysy” baýragyna mynasyp bolupdy.

 

Mbappe – “Ýylyň futbolçysy” boldy

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy