DÜNÝÄ

Rim Papasyndan taryhy sapar

Rim Papasy Fransisk Yraga taryhy saparyny amala aşyrýar. Katolikleriň ruhany lideri bu ýurda özüniň ilkinji saparyny amala aşyrýar. Ol Rim Papalarynyň arasynda bu ýurda sapar bilen gelen ilkinji papa boldy.

Rim Papasy Fransiski Bagdabyň halkara howa menzilinde ýurduň hökümetiniň başlygy Mustafa al Kazymy garşylady. Rim Papasy saparynyň çäklerinde ýurduň Prezidenti Berham Salih bilen duşuşýar. Şeýle hem ol daşary ýurtlaryň diplomatlary hem-de jemgyýetçilik guramalrynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirer.

Rim Papasy täze görnü’li koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylda daşary ýurt saparlaryny ýatyrypdy. 16 aýdan soňra ilkinji daşary ýurt saparyny Yraga amala aşyrýar.

84 ýaşly Papanyň bu sapary 8-nji martda tamamlanar. Onuň bu saparyna 74 žurnalist hem gatnaşýar.

 

Gyrgyzystanyň Prezidenti sapar bilen Türkmenistana gelmegi meýilleşdirýär

Ýene-de okaň

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy