TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Redminiň 12 GB-lyk içki ýatly telefony

Redmi şereketi oýun oýnamak üçin 12 GB içki ýat bilen üpjün edilen ýörite telefon öndürdi. Redmi K40 Gaming Edition diýlip atlandyrylan Redmi şereketiniň ilkinji oýun oýnamak üçin niýetlenen ýörite telefony satuwa çykdy. Dimensity 1200 bilen üpjün edilen telefon diňe Hytaýda satuwa çykdy ýöne, geljekki aýda POCO F3 GT hökmünde beýleki dünýä bazarlarynda-da satuwa çykar.

Redmi şereketiniň ýolbaşçysy Lu Weibing täze telefon bilen bagly birnäçe maglumatlary aýtdy. Xiaominiň dolandyryjysy Weiboda Redmi K40 Gaming Edition telefonynyň içki ýady 12 GB bolan wersiýasynyň has köp satylýandygyny habar berdi.

Redmi K40 Gaming Edition smartfony 6+128 GB, 8+128 GB, 8+256 GB we 8+256 GB ýaly görnüşli dört konfigurasiýada öndürildi. Mundan başga-da, täze telefon 120 Hz täzelenme tizligine we 6,67″ OLED ekrana eýe. Şeýle hem smartfonyň arka tarapynda 64 megapiksellik esasy we öň tarapynda 16 megapiksellik selfi kamerasy bar. Redminiň täze telefony JBL tarapyndan sazlanýan stereo ses çykaryjylary, mehaniki oýun oýnamaga mümkinçilik berýän programmalary, goşmaça ýerleşdirilen barmak yzyny okaýjy sistemasy, NFC we 67W tiz zarýad beriji bilen üpjün edilen 5065 mAh batareýa bilen ulanyjylaryň ünsüni çekmegi başardy.

 

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Ýewropa çempionatynyň iň gowy futbolçylary

 

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle