SPORT

“Real Madrid” topary Kilian Mbappeni tanyşdyrdy

Şu gün 25 ýaşyndaky fransiýaly hüjümçi Kilian Mbappe resmi taýdan Ispaniýanyň “”Real Madrid” topary bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Kilian Mbappe we toparyň ýolbaşçysy Florentina Peres şertnama gol çekdiler.

Lukmançylyk barlagyndan geçen Kilian Mbappe üçin “Real Madrid” toparynyň meşhur “Santýago Barnabeu” stadionynda tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Fransuz ýyldyz “Real Madrid” toparynda “9” belgili köýnekçe bilen çykyş eder.

3-nji iýunda Mbappe ispan toparynyň futbolçysy bolupdy. Gol çekilen şertnama görä, Mbappe ýyllyk aýlyk haky 30 million ýewro we geçiren gollary üçin goşmaça tölegler göz öňünde tutulandyr.

Şeýle hem Mbappeni başga bir topara goýbermegiň bahasy 1 milliard ýewro hökmünde kesgitlendi.

“Santýago Barnabeu” stadiony toparyň janköýerleri bilen doldy. Janköýerler toparynyň täze ýyldyzyny tomaşa etmäge geldiler.

Ozal, Fransiýanyň “PSŽ” toparynda çykyş eden Mbappe ondan öň “Monako” toparynda oýnapdy we bu toparda “9” belgili köýnekçede çykyş edipdi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady