PEÝDALY MASLAHAT

Raýatyň pensiýa çykyp, işi dowam etmegi barada maglumat

Raýatyň pensiýa çykyp, işi dowam etmäge hukugy barmy?

Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenilşine görä, 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilen Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 23-nji, maddasynyň 1-nji bendine laýyklykda, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk, 62 ýaşy dolan erkek adamlaryň, 57 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň ýaşy boýunça pensiýa hukugy bardyr.

2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan herekete girizilen Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 18-nji maddasynyň üçünji böleginiň 13-nji bendine laýyklykda, ýaşy boýunça pensiýa alýanlar bilen, şeýle hem lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda saglyk ýagdaýy boýunça diňe wagtlaýyn häsiýetli işe rugsat edilen adamlar bilen möhletli zähmet şertnamasy baglaşylyp bilner.

 

Türkmenistana dolanyp barmak üçin Şahadatnama almak

 

 

 

Related posts

Towuk sousy (sotesi)

Ata Watan Eserleri

Ýagly saçlar üçin iň oňat ideg maslahatlary

Iki gezek salgyt salynmagy aradan aýyrmak hakyndaky halkara Ylalaşyklar

Ata Watan Eserleri