«Barselona» futbol toparyna ozalky futbolçysy Hawiniň baş tälimçi bolup dolanmagy toparyň häzirki wagtda kärendede gezip ýören futbolçylaryna hem täsirini ýetirdi. Olar Hawiniň ýolbaşçylygyndaky «Barselona» gaýdyp barmak we toparda özüni görkezmek isleýärler.
Şeýle oýunçylaryň biri hem häzirki wagtda Türkiýäniň «Beşiktaş» futbol toparynda kärendesine oýnaýan Miralem Pýaniçdir. Ol «Barselonada» Hawiniň baş tälimçilige getirilmeginden soňra, täze möwsümde yzyna dolanmak isleginiň bardygyny aýtdy.
Geçen tomusdaky transfer penjiresinde «Barselona» maddy kynçylyklar sebäpli Miralem Pýaniçiň kärendä beriljekdigini yglan edipdi. Şeýlelikde, türk topary futbolçy bilen gyzyklandy we ony bir ýyllyk möhlet bilen düzümine goşdy. Pýaniç möwsümiň ahyryna çenli «Beşiktaşda» kärendesine çykyş eder.
Pýaniçiň Ronald Kuman döwründe «Barselonada» kän bir oýna çykyp bilmändigini hem aýtmak gerek. Aslynda, ol niderlandly tälimçi bilen dostlukly gatnaşykda hem däldi. Tälimçi bilen futbolçynyň arasynda nähilidir bir sowuklyk bardy.
Ýöne Hawiniň «Barselona» baş tälimçi bolup dolanmagy bilen ezber futbolçy yzyna gaýryp barmaga döwtalap. Ol «Beşiktaşdaky» kärende möhleti tamamlanan dessine Ispaniýa sary ýola düşmekçi.
Hawi Pýaniçde täsir galdyrdy
Ispaniýanyň «Mundo Deportiwo» neşirinde berilýän habara görä, Pýaniç Hawiniň ýolbaşçylygynda «Barselonadaky» karýerasynda özi üçin täze bir sahypany açmagy meýilleşdirýär.
Ozaldan hem Hawiniň oýun uslybyna aşyk bolan bosnýaly ýyldyz «Beşiktaş» bilen baglaşan şertnamasy tamamlanansoň, «Barselonanyň» täze baş tälimçisi bilen egin-egne berip işleşmegiň arzuwynda.
Ýöne bu arzuwyň amala aşmagy Pýaniçiň diňe özüne bagly däl. Çünki Hawi işe girişen dessine oýunçy saýlama meselesine çynlakaý çemeleşjekdigini aýtdy. Eger Pýaniç «Barselona» ýaly dünýä läheňinde oýnajak bolsa, topardaky bäsdeşlerinden rüstem oýun görkezmeli bolar.
Kuman hakynda näme diýipdi?
Pýaniç «Beşiktaş» bilen şertnama gol çekişen günlerinde «Barselonanyň» ozalky baş tälimçisi Ronald Kuman baradaky pikirlerini beýan edipdi. Onuň aýdanlary «Marca» neşirinde paýlaşylypdy:
― Kuman bilen aragatnaşygymyzyň ýürekdeş däldigi oňa bolan ynamymy ýitirdi. Elbetde, baş tälimçi kimiň oýnap, kimiň oýnamajakdygyny aýdyp biler, ýöne muny aýtmagyň başga-başga ýollary hem bar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna nobatdaky sapary