DÜNÝÄ

Putin: Türkmen-rus uniwersitetini döretmek pikirini goldaýarys

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilýän ýokary derejedäki türkmen-rus gepleşikleri tamamlandan soňra metbugat wekillerine ýüzlenildi. Bu barada rus metbugaty habar berýär.

Russiýanyň Prezidenti öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary depginine uly kanagatlanma bildirdi. Bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetiniň döredilmek pikirini goldan Putin Türkmenistan bilen Ýewraziýa Ykdysady Geňeşliginiň mümkinçiliklerini hem peýdalanyp, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny belledi.

“Türkmenistanyň Prezidenti başlangyç bilen çykyş etdi. Başlangyç örän gowy. Biz bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini döretmek başlangyjy goldarys”  – Putin belledi.

Türkmenistan bilen Russiýa strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça Jarnama gol çekdiler

Related posts

Türkmenistan bilen Russiýa hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen senetçileri Saud Arabystanynyň Halkara senetçilik hepdeligine gatnaşdylar

Türkmenistanyň we Yragyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi