TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Putin Hindistana barýar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin şu gün Hindistanda saparda bolar. Soňky gezek Wladimir Putin bilen Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň arasyndaky ýüzbe-ýüz duşuşyk 2019-njy ýylda geçirilipdi.

Russiýa bilen Hindistan BRIKS guramasynyň çäklerinde hem işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu guramanyň hem mejlisleri 2 ýyldan bäri onlaýn tertipde geçirilýär.

Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuri Uşakowyň belläp geçmegine görä, Putiniň saparynyň çäklerinde dürli ugurlarda 10 golaý ylalaşyga gol çekiler.

Ýuri Uşakowyň aýtmagyna görä, Putiniň bu sapary “gijeki sapar” bolar. Russiýanyň wagty bilen 17:30 töweregi Hindistana barjak Putin howa menzilinden duşuşygyň geçiriljek ýerine barar we şol ýerde Premýer-ministr Modi bilen gepleşikler geçirer.

Häzirki koronawirus ýokanjy sebäpli sapardaky wekiliýetiň agzalarynyň düzümi çäklendirildi. Russiýanyň wekiliýetiniň düzüminde daşary işler ministri Sergeý Lawrow, goranmak ministri Sergeý Şoýgu we prezidentiň kömekçisi Ýuriý Uşakow bar. Hindistanyň tarapy hem şu düzümdäki wekiliýet bilen gatnaşar.

Russiýa bilen Hindistanyň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bu ugurda göz öňünde tutulýan ylalaşyklar boýunça pikir alyşmak maksady bilen rus wekiliýet düzümine “Rosneft” edarasynyň ýolbaşçysy Igor Seçin hem goşuldy.

Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy hem pandemiýa garamazdan, çalt dikelýär, ösüş dowam edýär. Ýanwar-sentýabr aýlarynda bu görkeziji 38.1% ýokarlanyp, 8,8 milliard dollara ýetdi. Hyzmatdaşlyk kosmos pudagy ýaly dürli pudaklarda alnyp barylýar. Şeýle hem, iki ýurduň arasyndaky söwda hyzmatdalygyny ýokarlandyrmak boýunça ädimleri gözden geçirmek meýilleşdirilýär. Söwda we maýa goýum pudagynda, kosmos we medeniýet pudagynda birnäçe bilelikdäki resminamalara gol çekilmek meýilleşdirilýär.

 

Gazagystan bilen Özbegistan 2 milliardlyk şertnama baglaşdy

Ýene-de okaň

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

Teswirle