TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

PSR barlagy hökmany boldy

Türkiýe Respublikasyna gelýän daşary ýurtly ýolagçylardan gelmezden ozal, 14 gün öň sanjym edilendigi barada resminama hem-de 72 sagadyň dowamynda edilen polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (PSR) barlagynyň negatiw netijesi baradaky saglyk resminamasyny görkezmegi hökmany boldy. Şeýle hem mundan ozal ýatyrylan Breziliýa we Günorta Afrika uçar gatnawlarynyň kesgitlenen tertipde täzeden ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.

Daşary ýurtlardan Türkiýä gelýän ýolagçylar üçin 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, täze düzgünnamalar girizildi. Bu babatda “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň internet sahypasyndan ýolagçylara beýanat berildi.

Täze düzgünnama laýyklykda, Owganystan, Bangladeş, Braziliýa, Günorta Afrika, Hindistan, Nepal, Pakistan, Şri-Lanka gelýän ýolagçylardan soňky 14 günüň dowamynda sanjym edilen we gelmezinden ozal 72 sagadyň dowamynda netijesi negatiw bolan PSR lukmançylyk barlag resminamasy talap edilýär. Şeýle hem bu ýolagçylar 14 gün karantin çärelerine tabyn bolarlar.

Mundan başga-da, Beýik Britaniýa, Eýran, Müsür hem-de Singapur ýaly döwletlerden gelýän ýolagçylar üçin PSR lukmançylyk barlagy hökmany talap bolup durýar.

Kesgitlenen ýurtlardan başga döwletlerden gelýän ýolagçylardan 14 gün ozal sanjym bolandygy hem-de soňky 6 aýyň dowamynda Kowid-19 ýokanjyna sezewar bolandygy baradaky resminamalary talap edilýär. Olar üçin PSR lukmançylyk barlag netijenamasy hökmany däldir. Şeýle hem olar karantin çärelerine tabyn tutulmaýar.

 

Gazagystanda haçan örtük dakynmak ýatyrylar?

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Stambul we Aşgabat-Minsk ugry boýunça biletiň bahalary

Oktýabr aýy: Türkmenistan-Türkiýe aralygynda 30 uçar gatnawy

Stambulda Biometrik pasportlaryň möhletiniň uzadylmagy dowam edýärmi?

Baş Redaktor

Teswirle