JEMGYÝET

Prezident saýlawlary: saýlawçylaryň 71,90% ses berdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary babatda ses bermek işi dowam edýär. Daşary ýurtlaryň ýurdumyzda hasapda durýan habarçylary birnäçe saýlaw uçastoklarynda bolup, ses berlişige syn etdiler.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem habarçylary daşary ýurtly habarçylar bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky we Gökdepe etrabyndaky saýlaw uçastoklarynda bolup, ses bermek işi bilen tanyş boldular.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 13-e çenli saýlawçylaryň 71,90% ses berdi.

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 71,86%, Balkan welaýatynda 73,46%, Daşoguz welaýatynda 70,73%, Lebap welaýatynda  71,29%, Mary welaýatynda 72,71%, Aşgabat şäherinde 72,83% ses berdiler.

Şeýle hem, daşary ýurtdaky saýlaw uçastoklarynda 63,19% saýlawçylar ses berdi.

Ses bermek dowam edýär.

 

Prezident saýlawlary: Ses bermek dowam edýär

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri