Prezident Ärdogan türkmen wekiliýetini kabul etdi

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Ankara şäherine iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem gatnaşdy.

Türkiýäniň Prezidentiniň köşgünde geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýäniň Prezidenti bilen bolan duşuşykdan öň türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdi.

TÜRKMEN GAZYNYŇ ÝEWROPA UGURLY EKSPORTY ÜÇIN GOLDAW BERMÄGE TAÝÝARDYRYS

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde geçirilen gepleşiklerden soň geçirilen metbugat ýygnagynda Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkmenistanyň tebigy gazynyň hem-de nebitiniň Türkiýä hem-de Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa bazaryna iberilmeginde Türkiýe hökmünde ähli goldawy bermäge taýýardyklaryny mälim etdi. Bu barada türk metbugat gulluklary habar berdi.

HYZMATDAŞLYK MAKSATNAMASYNA GOL ÇEKIŞDIK

Ministr Çawuşogly 2021-2022-nji ýyllar boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekilendigini belledi. Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan üçtaraplaýyn döwlet Baştutanlary sammitini Türkmenistanda amala aşyrmak isleýändiklerini bellän türk ministri şu günki duşuşyklarda bu sammit barada pikir alşylandygyny belledi.

Koronawirus pandemiýasyna garamazdan, iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň artandygyny bellän Çawuşogly iki ýurduň arasyndaky hökümetara komissiýasynyň mejlisiniň geçiriljekdigini, işewürler duşuşyklarynyň gurnaljakdygy mälim etdi.

Okap bilersiňiz  Tötänleýin duşuşyk

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda gol çekilen “Dostluk” uglewodorod ýatagynyň özleşdirilmegi babatdaky ähtnama ýokary baha beren Çawuşogly türk firmalarynyň hem bu sebitde we Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen hem ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

Mundan başga-da, Ankara şäherinde “Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan’ üçtaraplaýyn diýalogyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň 5-nji mejlisi hem geçiriler.

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistana sapara geler

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Stambul -Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawy