TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Premýer-ministr Ýosihide Suga Türkmenistana çagyryldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň başynda ýapon Hökümetiniň baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly, gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi. Mälikguly aganyň yhlasly zähmeti, Türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary baradaky ýagşy ýatlamalar ynsan kalbynda hemişelik saklanar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medet beriji sözleri üçin jenap Ýosihide Suga minnetdarlyk bildirip, Ýaponiýanyň şu agyr pursatda gynanjyny paýlaşýandygyna ýokary baha berdi.

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki döwürde türkmen-ýapon dostlukly aragatnaşyklarynyň işjeň we netijeli häsiýete eýedigini, özara düşünişmek, ynanyşmak hem-de birek-birege goldaw bermek gatnaşyklarynyň ýokary derejede alnyp barylýandygyny nygtap, iki ýurduň syýasy gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny bellediler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Lebap welaýatynda Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurulýan gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belledi. Milli energetika ulgamynda möhüm hasaplanylýan bu desga ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatynyň artdyrylmagyna itergi berer we türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigini aňladýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Ýaponiýanyyň Premýer-ministri Ýosihide Sugany gazturbinaly elektrik bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin awgust aýynyň ahyrynda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Milli Liderimiz şol saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem milli Liderimiz Owganystan Yslam Respublikasynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleri bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlikler geçirdi.

 

Gündelik Täleýnama: 14 Maýda Ýyldyzlar näme diýýär?

Ýene-de okaň

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna täze ýolbaşçy saýlandy

Teswirle