BIZNES

“Polo” markasy barada maglumat

“Polo” markasyny öndüriji Ralph Laurendir. Ol 1939-njy ýylda Nýu Ýorkda dünýä inýär.  Ralph Lauren çagalykdan tekstil dükanlarynda zähmet çekip başlaýar. Ol New Ýorkda “Brooks Brothers” dükanlarynda satyjy bolup işleýär.

1967-nji ýylda “Polo” ady bilen ilkinji dükanyny açýar.

1969-njy ýylda  “Polo Ralph Lauren”atly dükanyny açýar.  Ol 1970-nji ýylda aýalyny model hökmünde göz öňüne getirip, ilkinji zenan egin-eşigini öndürip başlaýar. Zenanlar üçin niýetlenen bu egin-eşiklerde ilkinji gezek “Polo” şekilini ulanýar.

1972-nji ýylda “Polo” erkekler üçin niýetlenen köýnegi öndürýär. Bu marka  1975-nji ýylda dünýä boýunça iň meşhur markalaryň birine öwrülýär.

Ralph Lauren  1976-njy ýylda Amerikada eşik taýýarlamak booýunça ýokary baýraga mynasyp boldy. 1978-nji ýylda ol ilkinji “Polo” atyrlaryny öndürip başlady.

“Polo” markasy dünýä boýunça birnäçe baýraklara mynasyp boldy.

Oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn alnar

 

 

Related posts

Ýeňiji bolan Magtymguly etrabynda çagalar dynç-alyş merkezi gurlar

Meeting of Deputy Foreign Ministers of Central Asian states was held in Bishkek

vepa

“Gazprom” kompaniýasy Gazagystan we Özbegistan bilen ylalaşyklar baglaşdy