Polipropilen örtüginiň täze görnüşi öndürilip başlandy

Ýurdumyzda polipropilen örtüginiň täze görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu önümçilik Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilip başlandy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 20, 25, 30 mikrometr galyňlykdaky gaplama örtüklerine goşmaça polipropilen örtüginiň täze görnüşiniň ýola goýlandygy mälim edildi.

Polipropilen örtüginiň bu görnüşi süýji önümlerini gaplamakda we sowgatlyk önümleriniň daşyny örtmekde giňden ulanylýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şeýle görnüşdäki önümleriň her ýylda 2 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Ol içerki we daşarky bazarlara ugradylar.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropilen örtükleriniň täze görnüşleriniň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işjeň peýdalanýandygyny belläp, ýurdumyzda dürli görnüşli, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli nebithimiýa önümleriniň öndürilýän mukdaryny köpeltmegiň we görnüşlerini artmagyň wajypdygyny belledi.

52 sany döwlet emlägi hususylaşdyryldy

 

ÝENE-DE OKAŇ

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda medallar gazanylyp başlandy. 10 metr aralykda pnewmatik tüpeň atmak bäsleşiginde zenanlaryň arasynda hytaýly Ýan Sýan altyn medal gazanan bolsa, erkeklerde altyn medaly eýranly türgen Jawad Forugi gazandy. 41 ýaşy eýranly 244,8 utuk bilen birinji boldy. Ikinji orny 237,9 utuk bilen serbiýaly Damir Mikes, üçünji orny bolsa 217,6 utuk bilen hytaýly Pan...
UNFSS2021-ň öňsyrasyndaky maslahata hasaba alynmak üçin ýazylyşyk başlandy! Bary-ýogy birnäçe hepde galdy, sessiýalara tomaşa etmek, iýmit ulgamlarymyzy gowulandyrmagyň usullaryny öwrenmek we dünýäniň dürli künjeklerinden adamlar bilen söhbetdeşlik etmek üçin ýazylyň. Bu işler hemmeler üçin has gowy, has dumukly azyk ulgamlaryny döretmek ugrunda amala asyrylýan tagallalardyr. Maslahat 26 – 28-nji iýulda geçiriler. Oňa ýazylmak üçin: https://www.un.org/en/food-systems-summit/pre-summit https://www.atavatan-turkmenistan.com/koytendag-yunesko-nyn-butindunya-sanawyna-giriziler/      
«Türkmengaz» döwlet konserni Daşoguz welaýatynda poliwinilasetatyň önümçiligi boýunça gazhimiýa zawodyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu kärhany «açary gowşurmak» şerti bilen taslamalaşdyrmak we gurmak boýunça bäsleşik Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň gazetiniň elektron saýtynda neşir edildi. Taslamany «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, önümi paýlaşmak şerti bilen göni maýa goýumlarynyň esasynda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Poliwinilasetatyň ulanylyşynyň esasy ugry poliwinilasetat ýeliminiň (PWA kleý), suw emulsion...
Russiýa Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Russiýa Federasiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow geçen hepde Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen «Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özarabaglanyşyk. Howplar we mümkinçilikler» atly ýokary derejeli halkara maslahatda belledi. Bu barada "turkmengaz.gov.tm" internet neşirinde bellenilip geçildi. «Merkezi hem-de Günorta Aziýanyň energetika infrastrukturalarynyň utgaşmagynyň geljegi örän...
  Koreýleriň hemmesiniň ýarysyna diýen ýaly Li, Park ýa-da Kim diýilýär   Koreýaly täjirleriň XVII asyrda durnukly ösmek isleginiň galyndysy, iki at ony ýarym adada ulaltdy. Esasanam Kimiň aýratyn pozisiýasy bar: bäş koreýden biriniň bu familiýasy bar. Kimçi – durmuş (göçme manyda)                                     ...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
858TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar