TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Pýer Kardin kim?

Pýer Kardin 1922-nji ýylda Italiýada dünýä inýär. Iki ýaşyndaka maşgalasy bilen Fransiýa göçüp gidýär. Ol 14 ýaşyndaka tikinçiniň ýanynda kömekçi bolup, işe başlaýar.Ol  Parižde binagärlik ugrunda okaýar.

Pýer Kardin 1939-njy ýylda  Fransiýada zenanlaryň egin-eşiklerini dizaýn edýär. 1944-nji Pariže ýerleşýär, şol ýyl  “La Paix” moda öýüne işe başlaýar. Ol 1945-nji ýyldan soňra dünýäniň iň meşhur dizaýnerleri bilen işlemäge başlaýar.1947-1950-nji ýyllarda Kristian Dioryň ýanynda özüni kämilleşdiren Pýer Kardin adamlaryň öz isleglerine görä egin-eşik taýýarlap başlaýar. 1954-nji ýylda ilkinji zenanlar üçin niýetlenen egin-eşikleriň sergilenen “Eve”, “havva” atly dükanlaryny açdy. 1957-nji ýylda “Adam” atly ilkinji erkekler üçin niýetlenen dükanyny açýar.

1959-njy ýylda Ýaponiýa syýahatyndan soňra, ilkinji taýýar egin-eşikleri öndürip başlady. 1966-njy ýylda çaga eşiklerini öndürip başlap, ABŞ-da iň köp satylan markalaryň arasynda ýer alýar.

1971-nji ýylda Parižde “Espace Cardin” dükanyny  ýöredip başlaýar.

1985-nji ýylda “Moda Oscar” baýragyna mynasyp bolýar.

Pýer Kardin häzirki wagta çenli öndürýän önümleri bilen köp saýlanylýan markalaryň birine öwrüldi.

 

Altyndan ýasalan “iPhone”

 

Ýene-de okaň

100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam

Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky söwda dolanyşygy 296% ýokarlandy

Teswirle