25/01/2021 21:22
Home PEÝDALY MASLAHAT Täze Dörediljek Kärhananyň Adyny Tassyklamak

Täze Dörediljek Kärhananyň Adyny Tassyklamak

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet Ministrligi täze sanly hyzmatlary hödürleýär. Bu hyzmatlaryň arasynda täze dörediljek kärhananyň adyny tassyklatmak hem bar. Täze 2021 ýylynda telekeçilge baş goşmak, özüniň ilkinji kärhanany esaslandyrmak isleýän ýaşlaryň  bu hyzmatdan netijeli peýdalanjakdygyna ynanýarys.

Ýuridik şahsyň adyny iki usul bilen tassyklap bolar, ýagny, Arzany we talap edilýän resminamalary degişli bellige alyş bölümlerine tabşyrmak arkaly we  şu ýerde berilen formany online dolduryp ugratmak arkaly tabşyryp bolar.

Talap Edilýän Resminamalar:

  1. Arza
  2. Pasportyň nusgasy
  3. Töleg kwitansiýasy

Maglumatlar:

  1. Adynyň delil haty bermek Bellige alyş bölümi bellige alynýanlara Türkmenistanyň çäklerinde şol atlandyrylyş bilen başga bir kärhananyň bellige alynmandygyny tassyklaýan delil haty berýär.
  2. Kärhananyň ady türkmen dilinde many aňladýan söz ýa-da söz düzümi bolmalydyr we onda gysgaltmalar ulanylmaly däldir.
  3. Ýüklenilýän ähli faýllar PDF formatda bolmaly.
  4. Daşary ýurduň gatnaşmagy bilen döredilýän kärhananyň adyna ony esaslandyryjylaryň döwlete degişliligi hakyndaky görkezme goşulyp bilner.
  5. Delil hat 3 (üç) aý möhlet bilen berilýär.
  6. Bellige alynýanyň ýazmaça arzasy esasynda Bellige alyş bölümi delil hatyň möhletini ýene-de 3 (üç) aý möhlete uzaldyp biler.
  7. Delil hatyň alynmagy üçin arzanyň ýanyna şu aşakdaky resminamalar goşulýar:
  • esaslandyryjylaryň pasportlarynyň nusgalary (fiziki şahslar üçin);
  • esaslandyryjylaryň bellige alyş resminamalarynyň nusgalary (ýuridik şahslar üçin);
  • bellige alyş töleginiň tölenendigini tassyklaýan resminama.
  • 8. Bölüme berilýän maglumatlaryňyz dogry bolmadyk ýagdaýynda, elektron ýüz tutma arzaň jogaby kanagatlanyp bilinmez.
Okap bilersiňiz  Asya futbolunun kalbi BAE’de atacak
Okap bilersiňiz  “Çelsi” Talýafiko bilen gyzyklanýar

Arzanyň nusgasyny almak üçin

şu ýere basyň

ARZA NUSGASY

Internet ulgamynda www.makulsozluk.com domaini bilen hereket edýän sanly we sesli Akylly sözlük taslamasy bilen tanşyň!

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  Konstitusion Kanun tassyklandy :Halk Maslahaty

IŇ TÄZE HABARLAR

Lempardyň tälimçiligi tamamlandy

Angliýanyň “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi Frenk Lempard wezipesinden boşadyldy. Bu barada toparyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Bu toparyň düzüminde oýnap, ençeme kuboklary gazanan 42...

Bilim-ösüşiň çeşmesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de bu pudagyň binýatlyk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdyň...

Döwlet muzeýinde sergi geçiriler

Türkmenistanda bellenilýän şanly senelere Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem öz goşandyny goşýar. Muzeý 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir»...

Türkmenistanly talyplara Hindistandan teklip

Türkmenistanly talyplara Hindistanda hereket edýän bilim maksatnamalarynyň ikisi boýunça okamak teklip edilýär. Olar Hindi tehniki  we ykdysady hyzmatdaşlygy (ITEC) we Hindi medeni geňeşiniň (ICCR) maksatnamalarydyr. Bular...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

2021-nji ýyl gysga bolar

Kanadanyň Ýork uniwersitetiniň professory Pol Delani “CTV” teleýaýlymynda “Siziň ertiriňiz” atly gepleşiginde Ýeriň tizligi güýçlendi, bu bolsa Ýeriň ýüzündäki wagty gysgaltdy diýip, belläp geçdi....

Wengriýa Ýewropada rus sanjymyny ilkinji tassyklan ýurt

Wengriýanyň Milli mejlisiniň agzasy Gergeý Guýaş, Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyna wagtlaýyn rugsat berlendigini we “AstraZeneca” sanjymyny tassyklandyklaryny habar berdi. Şeýlelikde, bu ýurt Ýewropada Russiýanyň...

Turpuň peýdasy

Turpuň peýdasy adamzada has irki döwürden belli bolupdur. Sebäbi turp tohumlaryndan ýag alypdyrlar, beýik piramidalaryň gurluşygynda  işleýän işçilere  turp ýygy - ýygydan iýmit hökmünde...

Hormatly Prezidentimiz «Expo 2020 Dubai» Bütindünýä sergi­sine çagyryldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Muhammed bin Raşid al Maktum Hormatly Prezidentimize hat iberdi. Ol öz hatynda milli Liderimizi Birleşen Arap Emirliklerinde...