27/11/2020 9:54
Home ESASY HABAR Migrasiýa gullugy hakynda Kanun: Üýtgetmeler we Goşmaçalar

Migrasiýa gullugy hakynda Kanun: Üýtgetmeler we Goşmaçalar

Türkmenistanyň “Migrasiýa gullugy hakynda” Kanunyna  üýtgetmeler we goşmaçalar  girizildi.  2009-nji ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edilen “Migrasiýa gullugy hakynda”  Türkmenistanyň Kanuny  täze kabul edilen “Migrasiýa gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna  üýtgetmeler we goşmaçalar  girizmek barada Kanun bilen täze mazmuna eýe boldy. Türkmenistan gazetiniň 2020-nji ýylyň 9-nji noýabryndaky sanynda neşir edilen we täze Kanununyň degişli maddasy  bilen resmi çap edilen güni herekete giren täze Kanun bilen “Migrasiýa gullugy hakynda” Kanunynda birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar boldy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň “Peýdaly Maslahat” sahypasyny yzygiderli yzarlaýan okyjylarymyzyň gyzyklanmalaryny hasaba alyp täze kabul edilen Kanunyň käbir üýtgetmelerini we goşmaçalaryny Size ýetirýäris.

Kanundaky  Käbir üýtgetmeler we goşmaçalar:

Kanunyň 6-njy maddasy  Migrasiýa gullugynyň esasy wezipelerini  düzgünleşdirýär. Täze Kanun bilen “Migrasiýa gullugy hakynda”  Türkmenistanyň Kanunynyň 6-nji maddasynyň   7-nji bendinde “işlemek” diýen sözi  “zähmet işini amala aşyrmak” diýen sözlere çalşyrmaly diýip bellenen.  Şeýle hem  Kanunyň 6-nji maddasynyň   7-nji bendinde  birnäçe goşmaçalar girizildi.

Kanunyň 6-nji maddasynyň 7-nji bendi täze üýtgetmeler bilen şeýle boldy:

7) ýurduň içerki zähmet bazaryny goramak, daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň çäginde zähmet işini amala aşyrmak üçin rugsatnama bermek;

«7(1) daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň çäginde bolýan ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça hasaba almak hem-de olaryň hasabyny ýöretmek;

7(2) Türkmenistanyň çäginde zähmet işini amala aşyrýan Türkmenistanyň raýatlaryny bolýan ýeri boýunça bellige almak we olaryň hasabyny ýöretmek;

7(3) Türkmenistanyň raýatlaryny bolýan ýerleri boýunça bellige almak bilen bagly meseleler babatynda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary bilen arkalaşykly işlemek we bu meseleler boýunça umumy statistiki hasabatyň ýöredilmegini üpjün etmek;»;

Kanunyň Migrasiýa gullugynyň ýerine ýetirýän işleri bilen baglanşykly 11-nji maddasynda hem käbir üýtgetmeler girizildi. Ol üýtgetmeleriň biri hem 11-nji maddanyň 5(1)-nji bendindäki we şol maddanyň 8 bendindäki üýtgetmelerdir.

Okap bilersiňiz  Diplomy ykrar edilýän halkara okuw jaýlarynyň sanawy

Kanunyň 11-nji maddasynyň üýtgän 5(1)-nji  bendi  şeýle :

Okap bilersiňiz  Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary

5(1) zähmet işini amala aşyrmak maksady bilen, hemişelik ýaşaýan ýerinden ýazgydan çykmazdan kyrk bäş senenama gününden köp möhlete Türkmenistanyň çäginde başga ýere wagtlaýyn giden Türkmenistanyň raýatlaryny bolýan ýeri boýunça bellige alýar, bu barada degişli resminamany berýär hem-de şol raýatlaryň bellige alynmagy barada maglumatlar goruny döretmek arkaly olaryň hasabyny ýöredýär;»;

Kanunyň  11-nji maddasynyň üýtgän 8-nji  bendi  şeýle :

«8) öz ygtyýarlylygynyň çäginde barlaglary geçirmek arkaly gözegçiligi amala aşyrýar:

  1. a) daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, wezipeli adamlar, ýuridik we fiziki şahslar, ýuridik şahslaryň şahamçalary we wekillikleri hem-de beýleki guramalary tarapyndan wizalary resmileşdirmegiň we bermegiň, Türkmenistana gelmegiň, Türkmenistanda bolmagyň, Türkmenistandan gitmegiň, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmegiň, bolýan ýeri boýunça hasaba almagyň tertibiniň, şol sanda daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäginde bolmagynyň esaslarynyň we möhletleriniň berjaý edilişine;
  2. b) Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary, ýuridik şahslaryň şahamçalary we wekillikleri hem-de beýleki guramalary tarapyndan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanda işe çekilende we olara zähmet işini amala aşyrmaga rugsatnamalar resmileşdirilende Türkmenistanyň raýatlarynyň boş iş orunlaryny eýelemäge artykmaç hukugy baradaky ýörelgäniň, şeýle hem iş berijide işleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň we daşary ýurt raýatlarynyň sanynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gatnaşygynyň berjaý edilmegine, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda zähmet işini amala aşyryşyna;

ç) daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda bolmagy we Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmegi üçin hasaba alyş ýygymynyň alnyşyna;

d) zähmet işini amala aşyrmak maksady bilen, hemişelik ýaşaýan ýerinden ýazgydan çykmazdan kyrk bäş senenama gününden köp möhlete başga ýere wagtlaýyn giden Türkmenistanyň raýatlaryny bolýan ýeri boýunça bellige almagyň tertibiniň berjaý edilişine;

e) daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, ýuridik we fiziki şahslar, ýuridik şahslaryň şahamçalary we wekillikleri hem-de beýleki guramalary tarapyndan Türkmenistanyň çäginde migrasiýa babatda kanunçylygyň berjaý edilişine;»;

Internete birikmezden (offline ) habarlary okamak: Saýlamak mümkinçiligi

Okap bilersiňiz  Täze ýylda – täze hyzmat

Applikasiýamyz offline işleýär we Siz internete birikmedik wagtyňyz hem Ata Watan habarlaryny okap bilersiňiz! Şeýle hem  islän habaryňyz boýunça Size hususy bildiriş gelmegini sazlap bilersiňiz!  Siz “sada görnüşi” saýlap WIFI ulgamyna birikmedik wagtyňyz mobil internetiňizi tygşytlap bilersiňiz! Ine biziň täze applikasiýamyzyň esasy aýratynlyklarynyň käbirleri!

Applikasiýamyzy indirip alyň

Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com    saýtynyň  täzelenen applikasiýasyny  öz mobil telefonyňyza indirip almak isleseňiz şu ýere basyň!  Applikasiýany ýüklemek üçin şeýle hem  Google Play-dan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp gözleg edip bilersiňiz!  Aşakdaky suratyň üstüne basmak bilen Applikasiýany ýüklemek mümkin! Applikasiýamyzy indiriň we aşakda sanaýan aýratynlyklarymyzy halajakdyňyza ynanýarys!

 

Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

IŇ TÄZE HABARLAR

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Hormatly Pezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama kabul edildi.
Okap bilersiňiz  Ýüz keşbiňi robota sat we 125 müň dollar gazan!
Halklaryň arasynda dost-doganlygy,...

Nebit guýylarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçiligine ornaşdyrmak arkaly nebit guýylarynyň önüm berijiligini...

Banklardan karzlary onlaýn almagyň tertibi ýola goýlar

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady...

Döwürleýin neşirleriň elektron ulgama geçmegi çaltlandyrylar

Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

  Ýürekdäki perişdäm sen – Ejemjan

                          (Ýakyn joramyň durmuşy esasynda ýazylan) Özüňize sorag berip gördüňizmi, “Maňa iň ýakyn adam kimkä ?” diýip. Men bu soragyň jogabynyň hakykatda kimdigine ýaňy...

“Google” kompaniýasy Hindistana aralaşýar

“Google” kompaniýasy Hindistanda hereket edýän “ShareChat” sosial media platformasyny satyn alar. “Economic Times” metbugatynyň habaryna görä, “Google” kompaniýa “ShareChat” sosial media platformasyny 1 milliard...

Hytaý kompaniýalary “Apple”-den ozdurdy

Dünýäniň telefon bazarynda Hytaýyň, Günorta Koreýanyň hem-de ABŞ-nyň kompaniýalary özara bäsleşýärler. Esasan hem, Günorta Koreýanyň “Samsung”, ABŞ-nyň “Apple” hem-de Hytaýyň “Huawei” kompaniýalarynyň arasynda bazarda...

Dünýä belli futbolçy Maradona aradan çykdy

Dünýä belli futbolçy, köp sanly futbol muşdaklarynyň ýüreginde orun alan türgen Diego Armando Maradona aradan çykdy. Ady rowaýata öwrülen bu futbolçynyň aradan çykmagy sebäpli...