«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy aşakdaky hünär boýunça ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:

Aşgabat şäherinde işlemek üçin bölüm kömekçisi (zähmete hak tölemek we goşmaça haklar boýunça işlemek).

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

  1. Bilimi: orta bilim hakyndaky attestaty ýa-da deň derejeli bilim hakynda resminamasy.
  2. Iş tejribesi: degişli pudakda 3 ýyl iş tejribesi bolmaly.
  3. Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
  4. Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmasyny bilmeli.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman, «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly adyny, familiýasyny görkezip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

 

24-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama