JEMGYÝET

Pekindäki Olimpiýa oýunlaryna haýsy Prezidentler gatnaşýar?

Ýene-de sanlyja günden, ýagny 4-nji fewralda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde gyşky Olimpiýa oýunlaryna badalga berler. Yklymyň abraýly halkara ýaryşynyň açylyş dabarasynda köp sanly ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň beren beýanatyna görä, Pekin Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna onlarça ýokary derejeli myhmanyň gatnaşjakdygy bellenildi.

Döwlet baştutanlarynyň hatarynda: Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew. Şeýle hem bu sanawda Polşanyň Prezidenti Anžeý Duda, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Argentinanyň Prezidenti Alberto Fernandes, Ekwadoryň Prezidenti Guillermo Lasso, Müsüriň Prezidenti Abdel Fettah Al-Sisi, Singapuryň Prezidenti Halima Ýakob hem bar.

Pakistan, Azerbaýjan, Mongoliýa, Günorta Koreýa, Bosniýa we Gersegowina we beýleki ýurtlar Premýer-ministr we beýleki ýokary derejeli myhmanlar bilen wekilçilik eder.

Mälim bolşy ýaly, 14 ýyl mundan ozal, Hytaýyň paýtagty Pekin şäheri abraýly halkara sport ýaryşyny kabul edipdi. 2008-nji ýylda bu şäherde tomusky Olimpiýa oýunlary geçirilipdi.

 

Koronawirus: erbet günler yzda galdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar