SPORT

Pekin-2022: 3-nji doza sanjym

Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň gatnaşyjylaryndan koronawirus ýokanjyna garşy sanjymyň 3-nji dozasyny hem almak maslahat berilýär.

Olimpiýa oýunlarynda koronawirus ýokanjyndan goranmak üçin daşary ýurt döwletlerinden janköýerler kabul edilmeýär. Ýerli janköýerleriň sport desgalaryna goýberilmegi babatda entek degişli çözgüt kabul edilmedi.

– Biz Halkara Olimpiýa komiteti bilen hemişe gatnaşyk saklaýarys. Özara ylalaşyklar gazanyldy. Koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly durnuksyz ýagdaýlar we bu ýokanjyň “omikron” görnüşiniň çalt ýaýramagy sebäpli Oýunlara gatnaşjak türgenlerden we beýleki gatnaşyjylardan Hytaýa gelmezden ozal, sanjymyň 3-nji dozasyny hem almagy maslahat berdik. Köp sanly ýurt bu maslahatymyzy ýerlikli kabul edip, türgenlerini sanjym etdi – diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komitetiniň ekidemiologik gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Huan Çun belläp geçdi.

Şu hepdäniň dowamynda Milli hokkeý ligasy öz toparlarynyň oýunçylarynyň pandemiýa sebäpli Hytaýa barmajakdyklaryny habar berdi. Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary muny gynanmak bilen kabul etdiler.

Gyşky Olimpiýa oýunlary 2022-nji ýylyň 4-20-nji fewraly aralygynda Pekin şäherinde geçiriler.

 

Soňky döwrüň iň köp girdejili kriptowalýutalary

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy