TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Pariž Olimpiýa oýunlarynda 32 sport görnüşinde bäsleşiler

Ýaponiýanyň Tokio şäherinde tamamlanan XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary tamamlandy. Ýene-de 3 ýyldan ýagny, 2024-nji ýylda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçiriler.

26-njy iýul-11-nji awgust aralygynda geçiriljek Pariž Olimpiýa oýunlarynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gatnaşjak türgenler sportuň 32 görnüşi boýunça baýrakly orunlar üçin bäsleşerler.

Bir ýyl giç başlan Tokio Olimpiýa oýunlaryndan soňra Parižde geçiriljek dünýäniň iň abraýly ýaryşy üçin 3 ýyl galdy.

Halkara Olimpiýa komitetiniň Ýerine ýetiriji geňeşi 33-nji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň sport görnüşleriniň sanyny kesgitledi. Şonuň netijesinde, türgenler sportuň 32 ugry boýunça bäsleşerler.

Guramaçylyk komiteti sportuň 28 olimpiýa görnüşiniň hataryna ýene-de 4 sport görnüşini – breýk-dans (Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek goşulýar), skeýtbording, serfing we daga dyrmaşmak ugurlaryny goşdy. Skeýtbording, serfing we daga dyrmaşmak Tokio Olimpiýa oýunlarynda hem bardy.

Tokio Olimpiýa oýunlaryndaky sotfbol hem-de karate Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň düzüminden çykaryldy.

2022-nji ýylda Pariž Olimpiýa oýunlarynyň düzümine ýene-de üýtgeşiklik girizilmegi mümkin.

 

Okuw kitaplaryny taýýarlamak boýunça bäsleşik

Ýene-de okaň

Futbolyň iň abraýly kubogy Italiýada öndürilýär

Katar-2022: 17 günde 765 müň adam bardy

“Ahal” topary ýurdumyzyň çempiony boldy

Teswirle