SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Pandemiýa sebäpli ýatyrylan uçar gatnawlarynyň biletleri barada

“Türkmenistan” awiakompaniýasy pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçar gatnawlry üçin satyn alnan biletleriň hereket ediş möhletini bir az azaltdy. Olary 2023-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli çalşyp bolýar. Bu barada “orient.tm” neşiri habar berýär.

2020-nji ýylyň martyndan öň satyn alnan biletleriň möhletini 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli uzaltmak mümkinçiligi döredilipdi.

Awiabiletleri çalyşmak mümkinçiligi göz öňünde tutulypdy. Meselem, ýolagçyda Aşgabat-Sankt-Peterburg ugry boýunça bilet bar bolsa, onda bu bileti Aşgabatdan Moskwa ýa-da Kazan şäherlerine amala aşyrýan biletler bilen çalşyp bolýar.

Türkmenistanyň entek doly howa gatnawlaryny dikeltmedigi ýurtlar boýunça biletleri çalyşmak mümkinçiligi ýok.

Related posts

“Sputnik V” 40 müň adama sanjym ediler

Ata Watan Eserleri

Antalýada gum heýkeltaraşlyk muzeýi 2021-nji ýyla taýýarlanýar

Günden goranmak möhümdir!

Leave a Comment