TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Pakistanyň ýolbaşçy düzümi Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär

Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçy düzümi Türkmenistanyň Prezidentine hat ýollady. Bu dostlukly ýurduň Prezidenti Arif Alwi hem-de täze saýlanan Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif Türkmenistanyň Prezidentini Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag haty üçin hoşallyklaryny bildirdi.

Hususan-da, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin hoşallyk bildirýärin.

Pakistan Türkmenistan bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýär. Şol gatnaşyklar özara ynanyşmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini göz öňünde tutmak ýörelgelerine daýanýar. Biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz Günorta we Merkezi Aziýanyň arasynda energetika hyzmatdaşlygynyň hem-de ykdysady taýdan ýakynlaşmagyň ilerledilmegi bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa tutuş sebitiň gülläp ösmegine we abadançylygyna ýardam eder.

Pakistanyň Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna taýýardygyny tassyklamak isleýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

***

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bolsa öz gutlag hatynda Türkmenistan bilen diňe bir energetika däl, eýsem söwda we maýa goýum ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläpdir. 

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyňyza hoşallyk bildirýärin.

Pakistanyň Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy çuňlaşdyrmaga berk ynanýandygyny tassyklamak isleýärin. Siziň bilen, aýratyn-da, söwda we maýa goýum ulgamlarynda gatnaşyklarymyzy giňeltmäge umyt edýäris.

Iki ýurduň arasynda energetika we beýleki taslamalaryň öz wagtynda amala aşyrylmagynyň Günorta hem-de Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda umumy garaýşymyzyň durmuşa geçirilmeginde bizi ýakynlaşdyrjakdygy baradaky pikiriňizde Siziň Alyhezretiňiz bilen doly ylalaşýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa geljekde-de gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

 

“CNPC”: türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar

Ýene-de okaň

Gazagystanda Merkezi Aziýanyň iň uly metjidi açyldy

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýada täze hökümet düzüldi

Ata Watan Eserleri