TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Pakistanyň daşary işler ministri Merkezi Aziýada saparda bolýar

Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi 24-26-njy awgust aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda – Täjigistanda, Özbegistanda we Türkmenistanda saparda bolýar. Bu barada Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi bu saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bir hatarda Owganystan meselesini ara alyp maslahatlaşar.

Merkezi Aziýa döwletlerinde geçiriljek duşuşyklarda Pakistan Owganystandaky ýagdaýlar baradaky öz garaýyşlaryny beýan eder.

“Pakistan goňşy ýurtlaryň Owganystanda we sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine gyzyklanma bildirýändigine ynanýar. Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine babatda hyzmatdaşlyk etmek möhümdir”  – diýlip, Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň habarynda bellenilip geçilýär.

Häzirki wagtda Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi Täjigistanda saparda bolýar. Ol Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen gepleşikler geçirdi.

 

Peýj Greko Paralimpiýanyň ilkinji altyn medalyny gazandy

 

Ýene-de okaň

6 döwlet Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Teswirle