JEMGYÝET

Pagta ýygymyna badalga berilýär

Ýurdumyzyň oba hojalygynda ýene-de bir möhüm hem-de gyzgalaňly döwür ýetip geldi. Watanymyzda ösdürilip ýetişdirilen pagtanyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagy üçin görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentmiz oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Daýhanlarymyzyň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekleri üçin döwletimiz tarapyndan hemişe ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda gowaçanyň ýokary hasylynyň öndürilmegi bolsa, dokma senagaty pudagyny gymmatly pagta bilen üpjün etmekligi möhüm ähmiýete eýe bolup durýar, diýip belledi.

Milli Liderimiz sentýabr aýynda ýurdumyzda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişilýändigini belläp, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 8-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berýändigini belledi.

Täze hasyly kabul etmek üçin harmanhanalar, pagta arassalaýjy kärhanalar taýýarlanyldy. Şolaryň ýanyndaky barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri hasylyň hiliniň düýpli barlagyny üpjün ederler.

 

Hökümet münberi açylyp ulanmaga berler

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy