SPORT

Özbek futbolçy “Roma” toparyna geçip biler

Özbegistanly futbolçy Eldor Şomuradowyň Italiýanyň “Jenoa” toparyndan “Roma” toparyna geçip biljekdigi aýdylýar. Bu barada metbugat gulluklayr habar berýär.

“Roma” toparynyň özbek futbolçysyny kärendesine almagy göz öňünde tutýar. soňra bolsa bu futbolçyny 16 million ýewro satyn almagy hem meýilleşdirýär. Şomuradow bilen şertnamanyň 2026-njy ýyla çenli baglaşmak meýilleşdirilýär.

Iki toparyň arasyndaky gepleşiklerde transferiň geleşiginiň bahasynyň 18 million ýewro barabar boljakdygy aýdylýar.

Geçen möwsümde Şomuradow “Seria A” çempionatynda 31 duşuşykda 8 gezek tapawutlandy. Ol Russiýanyň toparyndan Italiýa geçipdi.

 

Tokio-2020: 1 sagatda 2 altyn medal gazandy

Ýene-de okaň

“Globe Soccer Awards” baýraklary gowşuryldy

Ronaldo Ýakyn Gündogaryň ýylyň iň gowy futbolçysy boldy

Ronaldo karýerasynda 14-nji gezek bir ýylda 40 gol geçirdi

“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Şumaher “Formula-1”-iň taryhynda iň köp girdeji gazanan türgen boldy

«Arkadag» futbol topary Ronaldonyň topary bilen duşuşyp biler