DÜNÝÄ

Özbegistanyň Prezidenti YHG-niň sammitine gatnaşar

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça 28-nji noýabrda Aşgabatda iş saparynda bolup, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammitine gatnaşar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Çäräniň gün tertibine laýyklykda Guramanyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, ilkinji nobatda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, sebitiň üstaşyr geçiş mümkinçiligini ýokarlandyrmak, “ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmek we innowasiýalary girizmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar. Sammitiň jemleýji resminamasynyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanda birnäçe ikiçäk duşuşyklary geçirer.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) sebitdäki ýurtlaryň arasynda ýakyn söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine ýardam bermek üçin 1985-nji ýylda döredilen sebit leýin köptaraplaýyn gurluşdyr.

Häzirki wagtda onuň agzalary 10 döwlet – Özbegistan, Türkiýe, Eýran, Pakistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Owganystan.

 

 

Türkmenistan ŞHG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Russiýada saparda bolar

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň goşmaça sekretarynyň Aşgabada sapary

Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrowyň telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň Prezidenti dört günlük sapar bilen Hytaýa barar

102 ýaşynda daga çykyp, Ginnesiň rekordyna eýe boldy

Ata Watan Eserleri

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine 20-den gowrak ýurduň ýolbaşçylary gatnaşar