TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Özbegistanyň Prezidenti wise-premýer S. Berdimuhamedowy kabul etdi

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iş sapary bilen Daşkent şäherine baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy kabul etdi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew soňky ýyllarda ýokary ösüş depginine eýe bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini aýratyn kanagatlanma bilen belläp geçdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul edendigi üçin Özbegistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň hatyny gowşurdy. Bu hatda ähli ugurlarda okgunly ösdürilýän türkmen-özbek gatnaşyklaryna ýokary baha berilýär.

Duşuşygyň barşynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi babatda pikir alyşdylar.

Özara söwdanyň göwrümini artdyrmak, senagat, energiýa, suw we oba hojalygynda täze bilelikdäki hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem üstaşyr gatnawlaryň mümkiniliklerinden netijeli peýdalanmak ýaly özara gatnaşyklary pugtalandyrmak we bu ugurlarda möhüm ädimleriň ädilmegine degişli meselesine aýratyn üns berildi.

Sebitara gatnaşyklary hem-de medeni-ynsanperwer maksatnamalaryny ilerledilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

 

Türkmenistan-Özbegistan: täze ylalaşyklara gol çekildi

Ýene-de okaň

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Teswirle