DÜNÝÄ

Özbegistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşkent şäherinde geçirilýän ýokary derejedäki halkara maslahatada gatnaşýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, iň ýokary derejedäki yzygiderli aragatnaşyklaryň hasabyna strategik häsiýete eýe bolan köptaraply türkmen-özbek gatnaşyklarynyň okgunly ösüşe eýe bolýandygy mälim edildi.

Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidentiniň gyzgyn salamyny ýetirdi. Özbegistanyň Prezidentiniň Merkezi we Günorta Aziýa sebitiniň arasynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen bu başlangyjyna ýokary baha berildi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Şeýle hem taraplar şu ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, duşuşykda Owganystandaky ýagdaýlar barada hem pikir alşyldy.

 

Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýanyň hyzmatdaşlygy ösdürilýär

 

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy