DÜNÝÄ

Özbegistanyň Prezidenti Täjigistanda saparda bolar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 10-11-nji iýunda Täjigistanda resmi saparda bolar. Bu barada Özbegistanyň resmi habarlar gullugy habar berýär.

Saparyň çäklerinde birnäçe çäreler göz öňünde tutuldy: ikiçäk gepleşikler, giňeldilen düzümdäki gepleşikler, resminamalara gol çekmek, durmuş maksatly binalaryň onlaýn tertipde ulanmaga berilmegi we beýlekiler.

Iki ýurduň Prezidentleri Duşanbede bilelikdäki medeniýet çäresine gatnaşar hem-de Sogd welaýatyndaky käbir senagat desgalaryny aýlanyp görerler. Sapary dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen 30-dan gowrak resminama gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýyl 500 million dollardan gowrak boldy, 200-den gowrak bilelikdäki kärhana döredildi.

Bu sapardan öň, iki ýurduň Premýer-ministrleriniň gatnaşmagynda hökümetara toparyň mejlisi, ylmy-amaly maslahat, özbek filmleriniň güni we beýleki çäreler guraldy.

Şeýle hem saparyň öň ýanynda iki ýurduň işewürler geňeşiniň duşuşygy hem-de ilkinji sebitara forum guralar.

 

Ginnesiň rekordy: 10 çaga dünýä inderdi

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi