BIZNES

Özbegistanda ikinji Gün stansiýasy işe girizildi

Özbegistanda 100 MWt kuwwatly Gün stansiýasy işe girizildi. Bu soňky bir ýylda ýurtda gurlan ikinji desgadyr.

Stansiýa Samarkand sebitiniň Nurabad etrabynda guruldy. 24-nji maýda Özbegistanyň energiýa ulgamyna elektrik energiýasy berip başlady.

Taslamanyň bahasy 100 million dollar boldy. Fransuz “Total Eren” kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Özbegistanyň Energetika ministrliginiň habaryna görä, bu stansiýa ýylda 260 million kWt sagat elektrik öndürer.

2021-nji ýylyň awgust aýynda Nawoý welaýatynda fotoelektrik zawodynyň işe girizilendigini bellemelidiris. Bu taslamany durmuşa geçirmek “Masdar” (BAE) kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Şeýle hem, bu kompaniýa ýurduň Jizzak, Samarkand we Suhandarýa sebitlerinde Gün stansiýalaryny gurmak boýunça bäsleşiklerde ýeňiji boldy. Bu desgalaryň 2023-nji ýylyň güýzünde tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

Gün stansiýalarynyň gurluşygy Özbegistan hökümetiniň ýurduň energiýa balansyny diwersifikasiýa etmek meýilnamasyna girizildi. Bu ýurtda Gün energiýasyny ulanmak mümkinçiligi gaty ýokary, sebäbi ýylda 300 güne çenli gün şöhlesi bolýar.

 

 

Ördekler barada

 

Ýene-de okaň

Hünärli daşary ýurtly işçiler üçin iş rugsadynda üýtgeşiklik: Alty aýdan üç ýyla çenli uzaldyldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabat we Pekin maýa goýum taslamalary ara alyp maslahatlaşdy

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ep-esli ýokarlandy

Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda göni howa gatnawlary ýola goýlar