TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Özbegistan Türkmenistanyň Prezidentine garaşýar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iki günlük resmi sapary başlaýar.

Döwlet Baştutanymyz resmi saparynyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirer. Şeýle-de, giňişleýin düzümde geçiriljek duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, beýleki birnäçe ugurlarda, hususan-da, senagatda, oba hojalygynda, ylymda hyzmatdaşlygy ösdürmage aýratyn orun berler.

Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça iki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berjek ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

TÜRKMEN-ÖZBEK STRATEGIK HYZMATDAŞLYGY DOSTLUGA DAÝANÝAR

Özbegistanyň resmi habarlar gullugynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň öňýanynda “Özbek-Türkmen strategiki hyzmatdaşlygy dostluga we ynama esaslanýar” diýip makala çap edilipdir.

Şol makalada türkmen-öznek dost-doganlyk gatnaşyklarynyň syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlary barada syn berlipdir.

  • Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana amala aşyrdy we şol saparda “Strategik hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyga” gol çekilipdir. Şeýle hem 150 million dollar möçberinde şertnamalar gazanylypdy.
  • 2018-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynda Daşkent şäherinde “Aşgabat” seýilgähi, Horezm welaýatynda türkmen-özbek dostluk öýi açylypdy.
  • 2020-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky Parlamentara dostluk toparynyň ilkinji bilelikdäki mejlisi geçirilipdi. 2021-nji ýylyň martynda Parlamentara dostluk toparynyň onlaýn duşuşygy bolupdy.
  • Türkmenistan Özbegistanyň esasy strategik söwda hyzmatdaşydyr. 1996-njy ýyldan bäri htürkmen-özbek hökümetara topary hereket edýär. Şu ýylyň 16-njy sentýabrda şol toparyň 16-njy mejlisi geçirildi.
  • Soňky 5 ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 2,5 esse artyp, 2020-nji ýylda 527 million dollara deň boldy.
  • 2021-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 418,1 million dollara deň boldy.
  • Özbegistandan Türkmenistana himiýa önümleri, maşyn we tehnikalar, azyk önümleri iberilýär. Türkmenistandan bolsa, energiýa serişdeleri, nebit önümleri hem-de himiýa önümleri satyn alynýar.
  • Iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem ösdürilýär.  Geçen ýylyň oktýabrynda türkmen-özbek işewürler geňeşiniň mejlisi geçirildi we 30-dan gowrak hususy pudgayň wekilleri dürli ugurlar boýunça özara pikir alyşdylar.
  • Türkmenistan bilen Özbegistanyň hyzmatdaşlygynda ulag ulgamy aýratyn orun eýeleýär.
  • 2021-nji ýylyň sekiz aýynda halkara ýük daşamagyň umumy mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,5 göterim ýokarlandy we takmynan 1,2 million tonna boldy.
  • Özbegistanda 200 müňe golaý türkmen ýaşaýar.
  • Türkmen milletinden bolan 8 müňden gowrak çaga türkmen dilini öwredýän 61 mekdepde okaýar, şolardan 21 mekdebi tutuşlygyna türkmen dilinde okadylýar.
  • Türkmenistandan gelen talyplaryň esasy topary Urgenç, Garagalpak, Buhara we Karşi döwlet uniwersitetlerinde, Buhara döwlet lukmançylyk institutynda, Daşkent lukmançylyk akademiýasynyň Urgenç bölüminde okaýar.

 

Daşkentde türkmen-özbek ykdysady forumy geçirildi

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Türkmenistanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Azerbaýjana sapary

Teswirle