SPORT

Öz ýurdunyň ilkinji Olimpiýa medalyny gazandy

Tokiodaky tomusky Olimpiýa oýunlary täze rekordlar, ýaş türgenleriň ýeňişleri hem-de öz ýurdunyň ilkinji Olimpiýa medallary bilen ýatda galar.

Ine, şeýle wakalaryň ýene-de biri boulp geçdi. Filippinli türgendne soňra Bermud adalarynyň türgeni Flora Daffi traitlon sport görnüşinde ýeňiji boldy. Şeýlelikde, ol öz ýurdunyň Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji altyn medalyny gazandy.

Daffi bu ýaryşy 1:55:36 netijede tamamlady. Ikinji orny eýelän britaniýaly Jorjiýa Teýlor-Braun ýeňijiden 1 minut 14 sekunt yzda galdy. ÜÇünji orny amerikaly Keti Zaferes eýeledi.

Bermud adalary iň az ilatly ýurtlaryň biridir. Şonuň üçin mundan ozal, bu ýurduň şeýle iri ýaryşlarda üstünlik gazanmaga mümkinçiligi bolmandy.

Triatlon sportuň kyn görnüşleriniň biridir. Bu sport görnü’inde türgen belllenen aralygy 3 tapgyrda: suwda ýüzmek, welosiped sürmek hem-de ylgamak arkaly geçmeli bolýar.

Sportuň bu görnüşiniň kabul edilen kadasyna laýyklykda, türgenler 1500 metr aralygy ýüzýärler, 40 kilometr aralygy welosiped arkaly geçýärler, 10 kilometr aralykda bolsa ylgaýarlar.

 

 

Türkmen okuwçylary bürünç medalyň eýeleri

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Milletler kubogy ýaryşyna gatnaşýar

III GDA Oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň sany 10-a ýetdi

Milletler Kubogy 2025: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi mälim boldy

Ronaldonyň özboluşly täze rekordy

Ronaldo ýene-de kubok gazanmak başartmady

Zenanlar futbolynyň iň gymmat transferi