BIZNES

Öýde saklap bolmaýan, degip bolmaýan pul

Oňa degip bolmaýar, öýde saklap bolmaýar, fiziki taýdan elläp bolmaýar, ýöne henizem alyp bolýar! Ýygnamak ýa-da maýa goýum üçin “NFT” atly düşünje ýygy-ýygydan köpçülikde agzalyp başlanýar. “NFT” adalgasy sanly dünýäde kolleksiýalaryň we sungatyň barlygy hökmünde gysgaça jemlenip bilner.

NFT” adalgasy näme?

“NFT” adalgasynyň kesgitlemesi “Non-Fungible Token” diýip atlandyrylýar. Ol pul, çip ýa-da teňňe ýaly çalşyp bolmaýar emma ol pul hökmünde hem garalmaýar. Suratlar, gadymy zatlar, köne pullar, markalar – bular biziň bilýän nusgawy kolleksiýalarymyzyň käbiri bolup durýar. “NFT” bolsa kriptografiki kolleksiýasynyň bir görnüşi hökmünde kesgitlenip bilner. Sanly ulgamda bolsa “NFT” adalgasy islendik zat bolup biler. Meselem: wideo, selfi, sanly oýun kartasy, mp4, jpeg, sanly grafika. “NFT” adalgasy ýene-de bir meselem üsti bilen köpçülige düşündirip  bolar. Meselem diýeliň sanly surat eserini satyn aldyňyz, aslynda siziň alan zadyňyz şol sungat surat däl, ýagny ol sanly sungat suratyň döredijisi tarapyndan gol çekilen we kodlanan sanly şahadatnama bolup durýar. Siz bolsa ol sanly şahadatnamaňyzy özüňiziň sanly gapjygyňyzda saklap bilýärsiňiz. “NFT” kodlanan sanly şahadatnamyňyza geçirilen sanly önümi hiç hili ýagdaýda göçürip almak mümkinçiligini bermeýär. Umuman “NFT” kodlanan sanly şahadatnamasynyň bahasy millionlarça baha durýar. Meşhurlar, tanymal adamlar “NFT” -e öwürmek arkaly sanly önümleri satyp bilerler.

NFT”-iň ilkinji taslamasy

“NFT” -iň ilkinji mysallaryndan biri “CryptoPunks” atly taslama boldy. “CryptoPunks” taslamasy 10 müň birlik çäkli pes çözgütli sanly suratlar öndürdi. Kompaniýa şu güne çenli takmynan 110 million dollar girdeji gazandy.

 

GDA-nyň Ykdysady Geňeşinde 12 resminama tassyklandy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy