DÜNÝÄ

Owganystan Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň howpsuzlygyny üpjün eder

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystanda gepleşikler geçirdi.

Bu barada “orient.tm” internet neşiri owgan hökümetinň metbugat sekretarynyň orunbasary Bilal Kariminiň “Twitter” jemgyýetçilik toruna salgylanyp habar berýär.

Şeýle hem Owganystanyň habarlar agentlikleri hem türkmen tarapynyň gepleşikler geçirmek üçin Owganystana gelendigini mälim edýär.

Kabul şäherindäki Prezident köşgünde geçirilen gepleşiklerde owgan tarapy Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryny durmuşa geçirmäge dowam etmäge, şeýle hem gurulýan infrastrukturalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Gepleşikleriň dowamynda söwda ww ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp  maslahatlaşyldy. Owgan tarapynyň bellemegine görä, türkmen tarapy häzirki çylşyrymly döwürde owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermegi dowam etdirmäge taýýardygyny mälim edendigi bellenip geçildi.

Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň, Turgundi-Gerat demirýol şahasynyň we Türkmenistandan Gerata çeli elektrik geçirijisiniň durmuşa geçirilmegini çatlandymag baradaky meselelere hem üns berildi.

 

Aşgabat-Stambul uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

Stambul-Türkmenabat uçar gatnawy amala aşyrylýar

Ýene-de okaň

Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleri Moskwada duşuşar

Gyrgyzystanyň baýdagynyň dizaýny üýtgediler

Türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana ibermegiň mümkinçiliklerine garaldy

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasy Aşgabatda wekilhanasyny açdy

Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Türkmenistanda saparda bolýar

Ata Watan Eserleri