JEMGYÝET

Otly gatnawlaryna ýene-de çäklendirme

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi sahypasynda bellenilip geçilişi ýaly, otly gatnawlaryna ýene-de çäklendirmeler girizildi.

Bu barada bellenilip geçilen habarnamada şeýle diýilýär:

Hormatly ýolagçylar! Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň kabul eden düzgünlerini berjaý etmek maksady bilen, her aýyň täk günlerinde Aşgabat–Türkmenbaşy; her aýyň jübüt günlerinde Türkmenbaşy–Aşgabat; her hepdäniň çarşenbe we şenbe günlerinde Aşgabat–Daşoguz; her hepdäniň penşenbe we ýekşenbe günlerinde Daşoguz–Aşgabat ugurlary boýunça otly gatnawlary ýola goýuldy.

Ozal habar berişimiz ýaly, şu ýylyň 5-nji iýulynda “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi sahypasynda howanyň gyzmagy bilen baglylykda ýolagçy otlylarynyň gatnawy wagtlaýyn çäklendirilipdi.

 

Sowgatly Krossword bäsleşigi yglan ediler

 

17-nji iýulda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşýar

Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji sapary

Daşoguz şäherine täze häkim bellendi

Wladimir Putin 11-nji oktýabrda Türkmenistana geler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary başlady