TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Ösümlikden “3D” et öndürildi

Wegetarianlaryň et iýmeýändiklerine esaslanýan “Redefine Meat” atly kompaniýa, “3D” çap usuly bilen gök önüm etini öndürdi.Tehnologiýany we gastronomiýany birleşdirip, Ysraýyl kompaniýasy üç ölçegli printerlerde doly gök önüm sygyr etini we guzy etini öndürýändiklerini habar berdi. Tagamy we gurluşy taýdan hakyky ete gaty ýakyn öndürilýän “3D” et, esasan, kolbasa, gamburger we kebap görnüşinde iýilýär.

Düýbi Ysraýylda ýerleşýän “Redefine Meat” gastronomiýada möhüm tehnologiki üstünlik gazandy. Kompaniýa, “3D” printerlerde gök önüm esasly sygyr etini we guzuny öndürmegi başarandyklaryny mälim etdi. Gyzyl etiň tagamyna we gurluşyna ýakyn önümleri ösdürmegi başaran bu kompaniýa, bu etlerde soýa, nohut belogy, nohut, şugundyr, kokos ýagy we hamyrmaýa ýaly maddalary ulanýar. Eti nädip ösümlik önümleri bilen öndüriler diýmäň. Iýmit öndürijisi bolan “Redefine Meat” haýwan goşundylaryny ulanman, doly ösümlikler bilen et öndürdi. Ösümliklerden peýdalanyp öndürilýän we wegetarianlaryň göwnünden turýan et kompaniýanyň ösümlik iýmitlerini ulanyp öndüren ilkinji önümi boldy. “Redefine Meat” -yň baş direktory Eşçar Ben-Şitrit gök önüm etiniň öndürilişi barada çykyş etdi. Ol: “Gassaplar, aşpezler we azyk tehnologlary etiň taýýarlanmagynyň dürli tapgyrlaryna kömek etdiler” – diýdi.

Angliýada, Germaniýada, Niderlandlarda we Ysraýylda satuwa çykarylan önümleriň beýleki Ýewropa ýurtlaryna-da satylmagy meýilleşdirilýär. Öndürilen ösümlik esasly etleriň esasan kolbasa, ownuk et, gamburger eti we kebap görnüşinde sarp edilýändigi we önümleriň eýýäm restoranlarynyň menýusyna girendigi aýdylýar.

Meşhur iňlis aşpezi Marko Pýer Waýt hem restoranlarynda ösümlik esasly et satjakdygyny mälim etdi. Meşhur aşpez iňlis metbugatyna beren interwýusynda “Bu önümi synap görenimde, haýran galdym”  – diýip, şeýle önümçilige ýokary baha berdi.

 

Ýaşlar baýragynyň eýelerine baýraklar gowşuryldy

 

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle