SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Omikron”: täze görnüş-täze çäklendirmeler

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus Ženewa şäherinde geçiren brifinginde koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň (“omikron”) ýaýramak boýunça geografiýasynyň giňeýändigini belledi.

Gebreýesusyň belläp geçmegine görä, täze görnüşiň çalt depginde ýaýraýandygyny, häzirki wagtda “omikron” görnüşiniň 79 ýurtda hasaba alnandygyny bellenildi.

Häzirki wagtda koronawirusyň bu görnüşi bilen diňe Beýik Britaniýada bir adamyň ýogalandygy bellenilýär.

TÄZE GÖRNÜŞ-TÄZE ÇÄKLENDIRMELER

Ýewropa ýurtlarynda “omikron” görnüşine garşy göreş alyp barmak üçin täze çäklendirmeler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem munuň üçin käbir çäreler meýilleşdirilýär.

Italiýada mekdeplerede işleýän ähli adamlara koronawrius ýokanjyna garşy sanjym etmek göz öňünde tuutldy. Sanjymy doly kabul etmek, galyberse-de üçünji dozany hem urdurmak hökmany ýagdaýa getirilýär. Ýurduň hökümeti “omikron” görnüşi sebäpli şeýle çözgütler kabul edýär.

Ýurduň beýleki edaralarynda, hususan-da, polisiýa, gaýragoýulmasyz kömek gulluklary we harby bölümlerde sanjym hökmany bolar. Sanjym bolmadyklara jerime temmileri hem göz öňünde tutulýar.

Niderlandlarda hem koronawirusyň bu görnüşine garşy göreşmek maksady bilen käbir çäklendirmeler meýilleşdirilýär. Mekdeplerde gyşky dynç alyş möwsümi ozal meýilleşdirilen senesinden ir başlar.

Roždestwo hem-de Täze ýyl baýramçylyklarynda iň köp 4 adam myhman çagyrmaga rugsat berilýär.

Ýewropa Bileleşiginiň ähli döwletlerini “omikron” görnüşiniň çalt ýaýramagy howatyrlandyrýar. Öňümizdäki baýramçylyklarda çäklendirmeler göz öňünde tutulýar.

Beýik Britaniýada “omikron” görnüşiniň çalt ýaýramagy bilen sanjymyň 3-nji dozasyny etmek babatda degişli işler ýola goýulýar. Ýurtda 3-nji sanjym almak isleýänleriň sanynyň hem köpelýändigi bellenilýär.

Daniýada hem 40 ýaşdan uly adamlara sanjymyň 3-nji dozasyny etmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Koronawirusyň peýda bolan ýurdy bolan Hytaýda hem “omikron” görnüşi peýda boldy.

 

“Bawariýa” – Germaniýanyň gyÅŸky möwsüminiň çempiony

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Daşoguz uçuşlaryň sanyny artdyrýar

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalara kardiohirurgiki we urologiki operasiýalar geçirildi

Ýaponiýaly lukmanlar Türkmenistanda saparda bolýarlar

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri