SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Omikron” 23 döwletde ýüze çykdy

Koronawirus ýokanjynyň “Omikron” ştammy eýýäm 23 döwletde ýüze çykdy we wirusyň bu görnüşi bilen keselleýänleriň sany yzygiderli artýar. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus Ženewa şäherinde geçirilen brifingde belläp geçdi.

” Azyndan 23 döwletde we BSG-niň bäş sebitinde koronawirusyň täze görnüşi ýüze çykaryldy. Olaryň sanynyň artmagyna garaşylýar “diýip, BSGG-niň baş direktory belledi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda Ispaniýada, Awstriýada, Ýaponiýada we Reýunon adasynda “Omikron” wirusy bilen kesellänler hasaba alyndy. Mundan ozal, Awstraliýa, Belgiýa, Botswana, Kanada, ABŞ, Şweýsariýa, Çehiýa, Daniýa, Germaniýa, Hytaý (Gonkong), Ysraýyl, Italiýa, Niderlandlar, Portugaliýa, GAR, Şwesiýa we Beýik Britaniýa (Angliýa we Şotlandiýa) ýaly döwletlerde koronawirusyň bu görnüşi hasaba alyndy.

Mälim bolşy ýaly, “SARS-CoV-2” omikron görnüşi koronawirusyň B.1.1.529 dowamy bolup durýar. Ol ilkinji bolup, 2021-nji ýylyň noýabrynda Botswanada we Günorta Afrika Respublikasynda ýüze çykaryldy.

Umuman, dünýäde koronawirus ýokanjy bilen kesellän adamlaryň sany 263 milliony geçdi. Tutuş dünýäde bu howply ýokanja garşy 8 milliard dozadan gowrak sanjym edildi.

 

Dünýäde 8 milliard dozadan gowrak sanjym edildi

Ýene-de okaň

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy