SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylara sanjym edilýär

Ýaponiýada, Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenlere sanjym edilip başlandy. Bu barada “Associated Press” habar gullugynyň Ýaponiýanyň milli olimpiýa komitetine salgylanyp habar berdi.

Sanjym kampaniýasynyň ilkinji gününde 200 töweregi türgen sanjym edildi. Olimpiýa oýunlarynyň başlanýança, oňa gatnaşyjylaryň azyndan 75% -iniň goraljakdygy çak edilýär.

Türgenleri sanjym etmek babatda “Pfizer / BioNTech” kompaniýasynyň sanjymyndna peýdalanylýar. Bu sanjym Halkara olimpiýa komitetine degişli kompaniýalar tarapyndan mugt berildi.

Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlary 23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda, Paralimpiýa oýunlary 24-nji awgustdan 5-nji sentýabr aralygynda geçiriler.

 

Tälimçileriň şertnama möhletleri uzadyldy

 

Ýene-de okaň

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar