SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Olimpiýa çempiony kömek eden meýletinçini unutmady

Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda geň-taň wakalar hem bolýar. Olaryň biri ýamaýkaly türgeniň başyndan geçdi. Ýamaýkaly türgen Hansle Parçment Olimpiýa oýunlaryna ýetişmek üçin howsala düşüp, ýalňyş awtobusa münüpdir.

Soňra ol awtobusdan düşüp, taksä münüpdir. Daşary ýurtly türgen Olimpiýa stadionyna ýetişmek üçin münen taksisiniň puluny meýletinçileirň biri beripdir.

Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanan ýamaýkaly türgen soňra şol meýletinçini tapyp, oňa minnetdarlyk bildiripdir. Türgen Tiana atly meýletinçä Olimpiýa oýunlarynyň köýnekçesini sowgat edip, oňa taksiniň puluny hem gaýtaryp beripdir.

Tiana bu asylly işi üçin Ýamaýakanyň hökümeti hem minnetdar boldy. Ýurduň Syýahatçylyk ministrligi Tiana üçin Karib adalarynda dynç alyş gurnady.

 

Ýewropanyň iň wepaly futbolçysy

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy