JEMGYÝET

Olar nädip uzak ýaşadylar?

Olar uzak gür­le­me­ýär­ler. Çen­dan-çen­dan ýyl­gyr­ýar­lar… ýe­ne-de uzak dy­myş­lyk. Ha­ky­da ýu­ma­gy­ny yzy­na sarap, asyr­dan aňyr­da ga­lan geç­mi­şi­ne sy­ýa­ha­ta gi­der­ler. Ol ýer­de gar­ra­ma­ýan ça­ga­ly­gy­na, ba­ky ju­wan ýaş­ly­gy­na… düş­leg eder­ler. Gün­ler gal­ňar gi­der oturar… Ömür sa­ly asyr aşan adam­lar bol­sa onuň her se­kun­dyn­da, mi­nu­dyn­da Huda­ýa bo­lan şü­kür­le­ri­ni tes­bi ki­min yzly-yzyna birme-bir di­le ge­ti­rer otu­rar­lar.

Kä­da­ýy­mam… «Her bir sö­zü­ňiz ýü­re­gimiz­de te­per­rik bol­sun! Uzak ýa­şa­magyň sy­ry nä­me­de? Sag­dyn dur­muş­da ýa­şa­mak üçin mas­la­ha­ty­ňy­zy be­rä­ýiň!» di­ýen jüm­le­ler eşi­di­ler. Az pur­sat dy­marlar-da, şü­kür bi­len sö­ze baş­lar­lar… Uzak ýaş­ly­lar Ha­kyň reh­net na­za­ry
dü­şen­ler­dir­ler. Her ýer­de ýü­ze sy­lynýan, uzak ýa­şa­ma­gyň jan­ly heý­ke­li­ne öw­rü­len­le­riň bar­ly­gy me­ge­rem, tö­tänlik däl­dir. Ýur­du­myz­da şeý­le yn­san­lar aý­ra­tyn ala­da, mä­hir bi­len gur­şal­ýar.

Te­bi­gy ho­wa şert­le­ri­miz, sag­lyk syýa­sa­ty­myz, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aý­ra­tyn yh­la­sy adam­la­ryň öm­rü­ne ömür goş­ýar. Hä­zir ýur­du­myz­da 100 we on­dan ýo­ka­ry ýaş­ly ra­ýat­la­ry­myzyň köp san­ly­sy ha­sa­ba alyn­dy. Olaryň için­de ýa­şy 121-den ge­çe­ni-de bar. Hä­zir dün­ýä­de ýa­şy 100-e ýe­tip bar­ýan adam­la­ryň sa­ny ýa­rym mil­lio­n hasaplanýar. Ýa­şy 110-a ýe­ten­ler bolsa on­dan has az. Edil hä­zir 118 ýaşly, ýa­po­ni­ýa­ly Ka­ne Ta­na­ka dün­ýäniň iň uly ýaş­ly ada­my ha­sap­lan­ýar.

Adam­za­dyň ta­ry­hyn­da iň köp ýa­şan adam hök­mün­de bol­sa 122 ýa­şyn­da ara­dan çy­kan fran­suz ze­na­ny Žan­na Kal­man ha­sa­ba alyn­dy. Dün­ýä alymla­ry adam­la­ryň ömür sa­ly­nyň 2100- nji ýy­la çen­li 125 — 130 ýa­şa ýet­mek müm­kin­çi­li­gi­niň bar­dy­gy ha­kyn­da­ky
çak­la­ma­la­ry­ny aýd­ýar­lar. As­lyn­da, uzak ýa­şa­ma­gyň sy­ry-ýoly ha­kyn­da dür­lü­çe ga­ra­ýyş­lar bar. Alym­lar köp ýyl­lar bä­ri, yn­san öm­rü­niň uzak­ly­gy ba­ra­da yl­my ga­ra­ýyş­la­ry teswir­läp gel­ýär­ler. Em­ma iň dog­ry pi­kir, ahyr­ky ne­ti­je uzak ýaş­ly adam­la­ryň bu so­wa­la öz ber­ýän jo­gap­la­ry bol­sa gerek. Bu so­wa­la bi­ziň uzak ýaş­ly mähri­ban­la­ry­myz, ine, şeý­le jo­gap ber­ýärler. Olar di­ňe bir so­wa­la jo­gap hem däl, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­mek üçin öwüt-ne­si­hat­lar­dyr hem.

Ajap­sol­tan HA­JY­ÝE­WA – Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ma­ry et­ra­by­nyň Ba­ba­sa­ry ge­ňeş­li­gi­niň ýa­şaý­jy­sy. 1900 ý. 1 og­ly, 12 ag­ty­gy, 67 çow­lu­gy, 32 ýuw­lu­gy bar.

Döw­rü­ňem, döw­le­ti­ňem asu­da bol­ma­ly

— Hemişe halal ýaşamaly, sagdyn durmuş, tut ýaly jan saglyk isleýän bolsaň, zähmet çekmekden, köp hereketde bolmakdan gaçmaly däl. Eger işlemeseň, seniň bedeniň garramak bilendir. Ejemden ir aýryldym… ykbal işidird-ä… Aýagymyň aşagyna oturgyç goýup, tamdyrda nan ýapardym. Jigilerim kiçidi, kakama kömekleşmesem, özüm üçin uýatdy. …Soň gaza giderdim. Döwek döwerdim. Keçe-de basdyk, halam dokadyk. Şeýdip-şeýdip, zähmete bişişdim. Şol işler meni taplan eken… Men uzak ýaşamagyň syry zähmetde, parahatçylykda diýip düşünýärin. Zähmet ýüregi tämizleýär. Ýüregiň päk bolsa, durmuşyňam arassa bolýar. Iň esasy-da döwrü­ňem, döwleti­ňem asuda bolmaly… Ýöne nesli­ňe-de bagly bolaýmasa uzak ýaşamak. Kakamam, doganlarymam ýüz ýaşa golaý bardylar…

Sa­par­täç NU­RY­ÝE­WA – Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Ak­de­pe et­ra­by­nyň ýa­şaý­jy­sy. 10.07.1907ý. 5 gy­zy, 1 og­ly, 25 ag­ty­gy, 79 çow­lu­gy, 6 ýuw­lu­gy bar.

Zäh­met çek, ýö­ne ha­lal bol­sun!

— Biz kyn döwri başymyzdan geçirdik. Bir aýagymyz çarykly, beýleki aýagymyz
çokaýly gezdik. Gijesi-gündizi işledik. Gije işden gelenimizden so­ňam okuw okadyk…
Likbez okuw diýerdiler… Häzir gowy döwür. Prezidentimiz sag bolsun, gowy döwri görkezeni üçin taň­ryýalkasyn. Işden adama zyýan gelmez. Saglygy­ňa peýdaly ol. Baý-baý, işlärdig-ä. Şonda-da hiç zat bolmady bize. Uzak-uzak ýaşamagyň sebäbi-de şol ahyryn! Kyn döwür boldy, ýaman kösenilerdi. Asyl, pagtany taraktr bilenem ekip bolýan eken-ä. Biz giden-giden meýdanlara pagtanyň çigidini el bilen ekýärdik, taraktr ýokdy. Bu gowy günleri
görmegem bar eken. Zähmetden gaçmadyk, halal işledik. Wah, işden gaçaň­da maň­laýy­ňy nirä urjak… …Öý tutardyk, bejererdik. «Azajyk derdi aş
basar» diýilýär-ä, zähmetem şeýle-dä…

An­na­bagt AN­NA­LY­ÝE­WA – Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Be­re­ket et­ra­by­nyň Ig­dir oba­sy­nyň ýa­şaý­jy­sy. 23.03.1913 ý. 2 og­ly, 3 gy­zy, 49 ag­ty­gy, 26 çow­lu­gy bar.

Aladalardan saplanyň, ýüregiňizi ýaş saklaň!

— Eli ýarag tutanyň bary urşa gidensoň, obada işläre erkek göbekli galmandy. Obanyň golaýynda düme gawun-garpyz, bugdaý ekip, hasyl alardyk. Düýe sagyp döwlete tabşyrardyk, ýag çyranyň yşygyna ik egrip, ellikdir jorap örüp, fronta ugradardyk. Garagumdan odun ýygyp, çagalar öýlerine, hassahanalara tabşyrýardyk… Herki zaman
rysgalymy halal zähmetden, eden ýagşy işlerimden gözledim. Adamlaryň ýürekden aýdýan taň­ryýalkasynyny alyp bilsem, özümi bagtly saýdym. Häli görseň, türkmenler «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy» diýýändirler. Süýji sözli, güler ýüzli, sabyrly bolmak adamy bezeýär. Uzak ýaşamagyň syry hem hiç zady alada etmezlikde-dä. Aladalardan saplanmagyň gowy ýoly bar: adamlar bilen hemişe tüýs ýürekden hal-ýagdaý soraşmaly. Men her gün şeýle edýärin… Ýüregi­ňi ýaş saklajak bolmaly, ony garrylyga bermeli däl. Ýüzüň­däki ýakymly ýylgyryş bilen adamlara ýüregi­ňi açmaly. Eger şuny etseň, maşgala­ňam, hemmelerem seni hemişe görmek islär…

Mi­ha­il HA­ÇA­TU­ROW – Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bag­ty­ýar­lyk et­ra­by­nyň ýa­şaý­jy­sy. 23.12.1918 ý.
1 og­ly, 3 ag­ty­gy, 2 çow­lu­gy bar.

Ýürekdeşiňizi tapyň!
— Durmuş gowy bolanda, söýgüli käriň eýesi bolsaň, ömrüň uzalmagyna täsir edýän eken. Uzak ýaşamak üçin üç zady hem ýerine ýetirmeli: maşk etmeli, dogry naharlanmaly, wagty­ňy ýürekdeş adamlar bilen geçirmeli. Hawa, öz ýürekdeşi­ňi tapmaly, onuň bilen bagtly bolmaga çalyşmaly… Iýip-içenimde-hä, nahar saýlamaýaryn. Işdäm alsa, iýiberýärin. Işdäň alan zadyndan saglygy­ňa zyýan gelmez. Beýik Watançylyk urşunyň, 48-iň kynçylyklaryny egnimde çekdim. Palawam, böregem iýýärin… Her gün irdenki maşklary ýerine ýetirýärin, azkem ýöreýärin… Uzak ýaşamak, onsoň nesil yzarlaýan bolsa-da bolar. Daýzam 100 ýaşady. Garry atam, garry enem dagy hem 100-e golaý ýaşadylar. Nesip bolsa, şu ýylyň dekabrynda menem 103 ýaşamaly. Ýöne özümi örän ýaş duýýaryn. Meniň heniz etmeli işlerim bar. Şolaram meni ruhlandyrýar.

Me­ret­gül GY­LY­JO­WA – Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­sy. 2.01.1920 ý. 1 og­ly, 6 ag­ty­gy, 24 çow­lu­gy, 10 ýuw­lu­gy bar.

Şü­kür­li bol, ynam­ly ýa­şa!
— Zähmet adamy terbiýeleýär. Adam zähmetden gaçmaly däl, hemişe hereketde bolmaly, sagdyn iýmitlenmeli. Agtyk-çowluklarym — meniň esasy güýmenjäm. Olara seredip, geçen durmuş ýolumy ýatlaýaryn. Balalarymyň häzirki gowy döwürde ýaşaýanyna buýsanýaryn… Adamda ertirine bolan ynam bolmaly, gününe bolan şükürini dilinden goýmaly däl, diýenini ýüreginden diýmeli… Men her gije uklanymda, körpeje balajyklary ertir ýene-de görjekdigime ynanýaryn. Goý, çagajyklar adamlara umyt berewersinler…
Iň ýönekeýje zatlardanam lezzet aljak bolmaly. Biz kynçylykly döwürleri görüp-görüp, ine,
Hudaýa şükür, indi agzymyz aşa ýetdi, halkymyz baýnady. Tüweleme! Eziz Prezidentimiz görülmedik gowy günlere ýetirdi. Şu durmuşyň gadyryny bilip, halal işlemeli, halalam ýaşamaly. Ýüregi­ňe ýakyn adamlaryň ýanynda bolmaly, ir ýatyp, ir turmaly, köp hereketde bolmaly… Onsoň, ýaşyň köpeler barar…

Çeşme: Türkmenistan gazeti

 

31-nji iýulda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji mejlisine gatnaşýar

Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy

Özbegistan Prezidenti Türkmenistandaky foruma ýokary baha berdi

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy

Gyrgyzystanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistana geldi

Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy