TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Olaf Şols – Germaniýanyň täze kansleri

Germaniýanyň mejlisi hasaplanýan Bundestagyň deputatlary tarapyndan sosial-demokratlaryň dalaşgäri Olaf Şols Germaniýanyň täze kansleri boldy. Ol 16 ýyllap bu ýokary döwlet wezipesini amala aşyran Angela Merkeliň ýerine saýlandy.

Bundestagyň deputatlarynyň 395-si Olaf Şols üçin ses berdiler. Ol ýurduň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen duşuşandan soňra kasma kabul eder.

63 ýaşyndaky Şols üçin geçirilen ses berişlik dabarasyna Germaniýanyň ozalky Prezidenti Hoakim Gauk, ozalky kanslerleri – Angela Merkel, Gerhard Şrýoder, Olaf Şolsuň aýaly Britta Ernst, kakasy Gerhard Şols, ejesi Kristel Şols hem-de doganlary Jens we Ingo Şols dagylar hem gatnaşdy.

OLAF ŞOLS KIM?

Olaf Şols şu ýylyň başyndan bäri Germaniýanyň 9-njy kanseleri bolmak ugrunda giň tagalla etdi. Ol bu ugurda özüniň esasy bäsdeşlerinden öňe saýlandy. Ozalky adwokat we tejribeli syýasatçy 17 ýaşynda Sosial-demokratlar partiýasynyň düzümine goşuldy.

Ol 2018-nji ýylda wise-kansler boldy we şonda onuň ýurduň kansleri bolmak babatdaky maksatlary has öňe çykdy.

Olaf Şols 2007-2009-njy ýyllarda zähmet we durmuş işleri boýunça ministr, 2011-2018-nji ýyllarda Gamburg welaýatynyň hökümet başlygy we 2018-2021-nji ýyllarda wise-kansler we maliýe ministri wezipelerinde işledi.

 

Kanadada öndürilen ösümlik esasly koronasanjymy

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny gutlady

Teswirle