TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Oktýabr aýy: Türkmenistan-Türkiýe aralygynda 30 uçar gatnawy

Türkiýä ugruna adaty uçar gatnawlarynyň açylýandygy baradaky habary biz size habar ýetiripdik. Şol habarymyzyň saýtymyzda we beýleki jemgyýetçlik hasaplarymyzda paýlaşylmagyndan başlap birnäçe soraglar gelip gowuşdy.

Ilki bilen Türkiýä ugruna adaty uçar gatnawlary “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar. Gatnawlar 5-nji oktýabr 2022 senesinden başlaýar. Adaty uçar gatnawlary Aşgabat-Stambul-Türkmenbaşy ugru boýunça ýerine ýetiriler. Uçar gatnawlary  her hepdäniň duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri, ýagny hepdede 4 gezek adaty tertipde amala aşyrylar. Şeýlelikde 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan jemi 16 sany adaty uçar gatnawy amala aşyrylar.

BILETLER BARADA…

Awiabiletler Türkmenistanda we Türkiýede satylýar. Mysal üçin düýn hem habar berişimiz ýaly, adaty uçar gatnawlarynyň başlaýanlygy baradaky habarymyzyň saýtymyzda köpçülige ýetirilenden birnäçe sagat soňra Stambuldaky howa menzilinde ýerleşýän “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň kassalarynda satylyp başlandy. Biletiň bahasy barada aýdylanda bolsa, ekonom klasyň bahasy 403 ABŞ-nyň dollary, biznes klassyň bahays bolsa 753 ABŞ-nyň dollaryna deňdir. Bilet satyn almak üçin Baş konsullygyň sanawynyň zerurlygy ýok we gönüden-göni Stambuldaky “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň kassalaryndan satyn alyp bolýar. Şu wagtdaky ýagdaýda onlaýn  bilet satuwynyň ýokdygyny bellemek isleýäris.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň kassalaryndan daşgary haýsy-da bolsa bir edara we şahsa bilet satmak we araçy bolmak ygtyýarynyň berilmändigini bellemek gerek.

Şeýlelikde, oktýabr aýynda “Türkmenistan” awiakompaiýasynyň 16 sany adaty, “Türk howaýollary” awiakopmpaniýasynyň 14 sany  ýörite uçar gatnawy, şeýlelikde, Oktýabr aýynda Türkmenistan-Türkiýe ugry boýunça jemi 30 uçar gatnawynyň amala aşyrylmagyna garaşylýar. Mälim bolşy ýaly, Sentýabr aýynda jemi 17 sany ýörite uçar gatnawy amala aşyrylypdy.

 

 

Ýene-de okaň

Maýmyn mama keseliniň ady üýtgedildi

Daşoguz welaýatyna syýahat otlusy guraldy

Ata Watan Eserleri

Hindistana barjak daşary ýurtlular üçin täze düzgünler

Teswirle