TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Oguz ýaýy – parahatçylygyň kepili

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 4-nji oýny geçirildi. Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny «Beýik Seljuk döwletiniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly tema bagyşlandy.

Bäsleşigiň I saýlama tapgyrynyň 4-nji oýnuna Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Meretgeldi Durdymyradow, Aşgabat şäheriniň Dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Leýli Osmanowa, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen  7–nji orta mekdebiniň 11–nji synp okuwçysy  Orazmyrat Berdiýew, Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Seýran Kömekow, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen  umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Mahym Kakaýewa, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Baba Rejepow, Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuñlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Täçjemal Piriýewa, Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyrylyp öwredilýän 135-nji orta mekdebiniň 11–nji synp okuwçysy Azat Agamyradow dagy gatnaşdylar.

Bäsleşigiň nobatdaky oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurberdi Amanmyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory, YHG-nyň «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty» ugry boýunça sylagyň şeýle-de Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň  eýesi Ýazgylyç Orazgylyjow hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň kafedra müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty, professor Meretguly Öwlüýagulyýew dagy eminlik etdiler. Akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 4-nji oýny hem institutymyzyň okuw binasynyň eýwanynda bäsleşik üçin ýörite guralan «Türkmeniň ak öýünde» geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda  Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň ussat artistleri tarapyndan soraglar bilen bagly bolan taryhy pursatlar sahnalaşdyryldy.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň netijelerine görä Aşgabat şäheriniň Dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Leýli Osmanowa we Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Täçjemal Piriýewa  4-nji oýnuň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara we bäsleşige gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň,  «Täç hil» hususy kärhanasynyň gymmatbahaly sowgatlary we institutymyzyň degişli şahadatnamalary gowşuryldy. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 4-nji oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, Türkmenistanyň Milli Ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Röwşen» hususy kärhanasy, «Täç hil» hususy kärhanasy hem-de «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 4-nji oýny «Miras» teleýaýlymy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy bilen bilelikde ýazgy edildi. Oňa ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymy arkaly tomaşa edip bilersiňiz.

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Litwanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

 

 

 

 

Ýene-de okaň

03-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk jemlendi

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Teswirle