SÖHBETDEŞLIK

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

Durmuş ynsana ençeme ýollarda ýoldaş bolýar. Ol ynsany her hili kyn we aňsat ýollardan ýöredýär. Adamzat ýagty jahana gelip, Watan atly mukaddesligiň goýnunda kemala gelýär we perzent bolup ata-enesiniň öňünde perzentlik borjuny özüniň geljegi üçin niýetlän arzuwlary üçin ýola düşen menzilleriniň üsti bilen ödemek isleýär. Bu ýol her bir ynsanyň bagtly we üstünlikli günlerine şaýat bolan ýollardyr. Elbetde her kim bu ýollary özlerine ýanhemra edinmäge höweslidir. Çagalygyndan aýdymyň jadyly gapysynyndan ätläp, arzuwyndaky menzillere ýetmekdäki höwesini bes etmäni, geljegi üçin maksadaokgunly öňe barýan aýdymçy gyzymyz,  «Türkmeniň Altyn asyry » bäsleşiginiň ýeňijisi Ogulgerek Durdyýewa, häzirki wagtda ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralarda, «Türkmen owazy» teleýaýlymynda özüniň dürli temalardaky aýdymlary bilen halkymyza ruhy lezzet paýlamakda mynasyp goşandyny goşýar. Biz hem «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com     saýtynyň döredijilik topary bilen bilelikde ýaş aýdymçy gyzymyz bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. Hormatly okyjylar biziň saýtymyzy okamagy dowam ediň we aýdymçy gyzymyzyň beren gyzykly gürrüňleri, durmuşy temalary bilen tanyş boluň.

Ogulgerek, söhbetdeşligimiziň başyny aýdym-saz sungatyna bolan höwesiňiziň döremegi, sunagt älemindäki ilkinji ädimleriňizden başlaýsak.

Ilki bilen sözümiň başyny meni we sungatymy sylap çagyranlary üçin «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýtynyň döredijilik işgärlerine köp sagbolsun aýdýaryn.

Adam ilki bilen aň ýetirmezden ruhy dünýäsiniň kanagatly bolmagy üçin özüne ýanhemra saýlaýar. Ol kär ýa-da onuň geljegindäki zähmet ýoly boljagyndan bihabar, ýürek sesine gulak salýar. Bu ses ynsanyň tutuş ömrüne täsir edýär. Şol wagtky goldawlar esasynda ynsan ol dünýäň içine içgin aralaşýar. Aýdym-saz älemine ilkinji gadamym meniň çagalygymdan gözbaş aldy. Çünki heniz çagalar bagyna gatnaýan wagtym aýdym aýtmagy gowy görüp, geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda öwrenen aýdymlarym bilen çykyş ederdim. Ilki bilen men şuny aýratyn nygtasym gelýär. Aýdym-saz älemine gelmegimde kakamyň, ejemiň orunlary örän uly. Çünki olar meniň aýdymçy bolmagym üçin örän uly goldaw berdiler.  Kakamyň elimden tutup Guwanç mugallymyň ýanyna eltmesi, meniň bu ugra bolan höwesimiň hakykat ýüzünde geçmegi bularyň ählisi meniň üçin ilkinji ädimlerdi. Guwanç mugallym maňa akardion saz guralynda birnäçe aýdymlary öwrederdi. Öwrenen aýdymlarymy öýe gelip ejem bilen kakama aýdyp bererdim.  Soňra ýyllar geçdi, her kimiň arzuwy saýlan hünärini kämilleşdirmek, ony kär hökmünde durmuşyna baglamak. Şol maksat bilen aýdym-saz boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw jaýyna okuwa girmegi maksat edindim. Emma synanşygyň netijesi meniň isleýşim ýaly bolmandy. Her işde bir haýyr bar diýilişi ýaly, aýdym-saza bolan höwesim meni halypalar bilen tanyşyp, olar bilen bir sahnada çykyş etmek bagtyna miýesser etdi. Hemmäniň görmegi arzuw edýän aýdym-saz älemiň ýyldyzlary bilen bir sahnada çykyş etmek, olar bilen özara söhbetdeş bolmak meniň aýdym-saza bolan höwesimi has-da artdyrdy. Soňra aýdym-saz sahnanyň abraýly ýollary meni sport äleminiň waspçysy bolmaga mümkinçilik berdi. Ol ýerde men arzuwly kärimden daşary sport dünýäsi bilen hem tanyş boldum.

Ogulgerek sport dünýäsini medeniýet adamsy hökmünde nähilli kabul etdiňiz. Elbetde sporty daşyndan gyzyklanmak bar ýöne Siz hut sportuň mekanynda belli bir wagt ýaşadyňyz, olar bilen içginden gatnaşyk sakladyňyz.

 Elbetde Şaperi, bu ýerde-de medeniýeti ýanymdan goýmadym, ýokary okuw mekdebimizde «Sagdyn nesiller» aýdym-saz topary bardy, okuwa gelen badyma şol  topara goşuldym. Ata-babalarymyzdan galan manyly jümle bar «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr». Bu jümle diňe bir ýigitlerimize däl, türkmen gyzlarynada mahsus diýsek ýalňyşmarys. Çünki ýurdyň ähli pudaklarynda ýigitlerimiz bilen deň hatarda netijeli zähmet çekýän, zehinli we başarjaň zenanlarymyz sanardan kän.  Munuň şeýledigine sport dünýäsiniň wekili bolanymda has-da göz ýetirdim. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, türkmen tuguna togap edip, milli senamyzyň astynda Watanymyzyň abraýyny beletde göterýän türgen ýigitlerimiz bilen bir hatarda, türgen gyzlarymyz hem bu ýollarda mynasyp orunlary eýeleýärler. Olaryň gursagynda lowurdaýan altyn, kümüş, bürünç medallaryň lowurdysy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutymyzyň her bir mugallymlarynyň, talyplarynyň başyny göge ýetirerdi. Ýokary okuw mekdebimiziň meýdançasy şol gün buýsançly sözlere, begenç gözýaşlaryna doly bolýardy. Şol ýerde biz hem toparymyz bolup, şowhunly aýdymlarymyz  bilen dabara öz oşandymyzy goşýardyk.

Sport dünýäsi maňa has-da täsir eden ýeri bu ýerde hem saglyk, hem şadyýanlyk ikisi bilelikde ýörelge edilýän ekeni. Okuw sapaklarymyzyň hem aglabasy adam bedeniniň sagdynlygy, özüňi nähilli goramak ýaly sözbaşylaryň üstünde köpüräk durulyp geçilýär. Bu bolsa aýdym-sazym bilen has-da utgaşýar. Çünki  aýdym-saz ruhy galkynyş bolsa, sport adamyň beden saglygyny kemala getirýär. Şu nukdaýnazardan aýtsam, aýdym-saz we sport meniň durmuşyma oňyn we netijeli täsir etdi.

Ogulgerek, diýeli Siz sport eşiginde arassa howada gezim edip ýörsüňiz. Bir muşdagyňyz çykdyda «Ogulgerek aýdymçy gerek Siz» diýip ýüzlendi. Sizde nähili duýgy dörärdi.

 Bu babatda bir wakany ýatlap geçeýin. Okuwdan boş wagtlarym aslynda häzirlerem sport egin-eşiginde salkyn howada gezim etmegi özüme endik edinýärin. Ol ýagdaý meniň  beden we ruhy saglyk ýagdaýyma oňat täsir edýär. Şeýle günleriň birinde sport egin-eşiginde, kepgaly aýlanyp ýördüm welin, nurana ýüzli bir daýza ýanyma geldi-de: «Gyzym sen aýdymçy Ogulgerek dälmi, nähili eşikde bolaý gyzym biz tanaýas Sizi, teleýaýlymlarda köp görýäris, aýdymlaryňam, sahnada özüňi alyp barşyňam, geýnişiňem gowy görýärin» diýip, buýsançly nazaryny maňa dikdi. Soňra ýene sözüni dowam edip, «Gyzym Sen mydama şeýle geýinýäňmi, Saňa milli eşigimiz has gowy gelişýär» diýdi. Men hem: ýok daýza men hemişe beýle geýinemok, howaň salkyn wagty, sport eşiginde gezim etmäni gowy görýärin diýip jogap beripdim. «Tüweleme elbetde saglykly ömür, özüňi bagtly duýmagyňa has täsir edýär».

Elbetde bu daýzanyň bu ahwaly meni ýene-de bir gez aýdym-saza bolan höwesimi artdyrdy we özüm hakdaky öwgüli sözlere mynasyp bolmaklyga bolan borçly duýgymyň döremegine sebäp boldy.

Her bir ynsanyň rahatlyk tapýan ýeri onuň mukaddes ojagy, öýi hasaplanylýar. Öýüňiziň otaglarynyň nähilli aýratynlykda bolmagyny islärdiňiz.

Ilki bilen-ä her otagyň reňkini aýratynlykda bererdim. Myhman otagym asman reňkde bolmagyny islärdim. Çünki gök reňk otagy giň we ýagty görkezýär. Kän öý goşuny ýerleşdirmezden giň görnüşde bolmagyny halardym. Ýatylýan otagy doýgun reňklerde bolup, rahatlyk dörediji enjamlary ulanmaklyga çalyşardym. Aşhana bolsa açyk reňkde, aşhana mynasyp ähli goşlaryň bolmagyny islärdim. Zenan maşgalanyň gününiň köp bölegi aşhanada geçýär. Şonuň üçin esasy arassaçylyga we tertiplilige üns bererdim. Otaglarymyň ählisinde bir meňzeşligi islärdim, ol hem bolsa otag gülleriniň bolmagy. Otag güllerini ýetişdirmegi, olaryň görnüşlerini köpeltmegi, selfi düşmegi halaýaryn.

Gowy görýän reňkiňiz we geýinmekdäki döwrebaplyk barada aýdaýsaňyz?

 Men esasy doýgun reňkleri halaýaryn. Esasanam gök bilen gyzyl reňklere has-da ýykgyn edýärin. Gök reňkde asmanyň asudalygyny, parahatçylygy, giňligi görýärin. Bu reňkde edilen bezegler, geýilen eşikler hem adamyň ruhuny göterýär. Gyzyl reňk bolsa agraslygy, milliligi ýatladýar. Aslynda gyzyl reňk gyz maşgalaň reňki hasaplanylýar. Çünki bu reňkde görünýän agraslyk bilen türkmen gyzyna mahsus bolan häsiýet ikisi utgaşykly görünýär. Özümem esasy teleýazgylarda, baýramçylyk dabaralarynda çykyş edenimde  esasy gyzyl reňkde eşik geýmeklige ýykgyn edýärin. Medeniýet we sungat işgärleriniň esasy üns bermeli zatlarynyň biri-de aýdýan aýdymyna we döwrüň talabyna laýyk geýinmek. Sahnada çykyş edýän sungat işgäri ähli tarapdan nusgalyk görnüşde bolmaly, şonuň üçin hem ählitaraplaýyn ünsli bolmaly.

Döwrebap geýinmek döwrebap aýdymlar elbetde bu döwür bilen aýakdaş gitmegiň ilkinji basgançaklary. Aýdymçy we onuň eserleri döwür bilen baglanyşykly ýaň salmasa ol aýdym we aýdymçynyň ömri gysga bolýar. Men özüme eşik saýlanymda esasan milli lybaslaryň döwrebaplaşmagy esasynda tikilen lybaslara aýratyn ähmiýet berýärin. Çünki men  milli lybaslary geýinmäni gowy görýärin we aýdymyma laýyk egin-eşikleri saýlamakda ejem we jigilerim bilen maslahatlaşýaryn. Aslynda ejem tikinçi bolansoň çagalygymdan bäri bu meselede maňa ejem has ýakyn ýardamçym. Sebäbi ýadymda heniz kiçi wagtym mekdep sahnasynda çykyş edýärkäm hem ejem her gezekki baýramçylyklara täze köýnek tikip geýdirerdi. Ejemjanyň bu häsiýeti häli-häzirlerem dowam edýär. Şonuň üçin bu meselede meniň ýakyn maslahatçym ejem diýip bilerin.

Bagt diýip nämä düşünýärsiňiz?

 Bagt ― bu durmuşda esasy özüňi razy etmek. Edýän hereketiň bilen sözleýän sözüň gabat gelmegi üçin hakykatçyl bolmaly. Her bir adamyň içinde ruh bar, şol ruhuňy razy etmeli. «Şeýle etsem il näme diýerkä» diýip däl-de, öz ýüregiňi diňläp şoňa görä ýoluňy dowam etmeli we bu ýol Seni hakyky bagtyň nämedigine göz ýetirmegiňe mümkinçilik berer. Bagt aslynda her bir ynsanyň dogabitdi kalbynda ýaşaýar we oňa bolan ymtylyş hiç haçan bes edilmeýär. Bagtly ýaşaýyş, bagtly durmuş, bagtly çagalyk adam ömrüniň manysyny, onuň lezzetli ýaşaýşyny bina edýär. Şonuň üçin bagtyň gözlegine çykylanda hökmany ýüregiňe diň salmaly. Lezzetli käri, lezzetli durmuşy gazandyňmy diýmek Sen bagty. Bagty gazanmak kä ýagdaýlarda aňsat bolup biler ýöne ony goramak bolsa kyndyr. Kynçylykly ýollaryň tagamy bolsa mydama datlydyr.

Ogulgerek Siz aýdymçy bolmadyk bolanyňyzda haýsy käri saýlardyňyz?

 Men okuwçy wagtym taryh sapagyny gowy görerdim. Şonuň üçin ýaýdanmany aýdyp biljek, egerde nesibämde aýdymçylyk ýok bolanynda men taryh mugallymy bolardym. Sebäbi hemmämiz bilýäs 4-nji synpda «Meniň watanym» diýip sapak geçilýär. Ol sapakda ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki gözellikler, täsinlikler öwredilýär. Soňra bolsa taryhyň sebit we ähliumumy dersleri okadylýar. Taryha bolan gyzyklanmam mende häzir-häzirlerem dowam edýär. Taryh mugallymyň gürrüň berýän wakalary edil kino lentasy ýaly yzygiderlikde göz öňümde janlanardy. Mugallymyň aýdyp berýän gyzykly gürrüňleriniň üstüni ýetirmek üçin bolsa kitaplary dörüp ugrardym.

Durmuşda Siziň ýoluňyzda bile ýörejek, ykbalyňyzyň hemrasy boljak ynsany nähilli göz öňüne getirýärsiňiz we maşgalada näçe perzendiňiz bolmagyny islärdiňiz?

 Esasy wyždanly, ak ýürekli bolsun. Biz medeniýet-sungat işgärleri mydama goldawa, mähre mätäç bolýarys. Sebäbi biziň döredijiligimiziň dowamly bolmagy üçin töweregimizdäki ynsanlar, has-da durmuşdaky ýan ýoldaşyň orny örän uly bolýar. Kärime düşünse, gabanjaňlyk duýgusynda ölçerip bilýän bolsa, gep-sözlerden daşda bolup, ynamly garaýyşlaryny gowşatmazdan, özbaşdak pikirli we şol pikirine wepaly bolup gezýän ynsanyň durmuşymda bolmagyny isleýärin.

Maşgala gurandan soň her bir maşgalanyň arzuwy sagdyn we rakyply perzendiň ata-eneleri bolmak. Aslynda öňünden bir zat diýibem bolanok welin 4 çagam bolmagyny islärdim. Aslynda biz maşgalamyza 7 çaga bolanymyz soň, özümem  köpçüligi gowy görýärin. Köpçülik adamyň daýanjy, doganlaryň köplügi durmuşda ynamly we arkaýyn ýaşamagyňa mümkinçilik berýär. Ata-eneden soň, doganlaryň saňa olary ýatladýan eziz mähribanlaryňdan galan ýeke-täk ýadygärlik bu Seniň doganlaryňdyr.  Şonuň üçinem çagalarymyň hem özlerini ýalňyz duýmazlary ýaly köpçülik bolsa kem görmezdim.

 Doganlaryňyzyň ýa-da jigileriňiziň aýdymçy bolmaklaryny islärmidiňiz?

 Bu soragyň üstünde özümen kän pikir etdim. Doganlarym ýa-da jigilerim eger-de şol ugra höwesleri bar bolsa, ýoluna böwet bolmazdym. Zehinleri ýok diýip biljek däl, çünki jigim Merjen mydama meň ýanymda bolansoň, nirä gitsem ýanyma alyp gidýärin. Merjen meň hem jigim, hem joram diýsegem ýalňyşmaryn. Käwagty teleýaýlymda görkezilýän aýdymçylar bilen şol aýdyma hiňlenýär. Şol aýdymçylaryň seslerinde ulanýan oktawa seslerini bilelikde ýerine ýetirýär. Merjen eger aýdymçy bolmaklygy maksat edinen bolsa wokal sesli aýdymçy bolardy diýip pikir edýärin.

Medeniýet-sunagt işgärleri bolmak köp zähmeti, çydamlylygy, sabyrlylygy esasanam zehin başarnygy talap edýär. Aslynda üstünlik gazanmak, maksadaokgunly hereketleri bilen arzuwlarynyň amala aşmagyny islärdim. ýöne jigilerimiň kyn ýollardan ýöremegini islemezdim.

 Döredijilikde aýdymçy nämeden ylham alyp biler?

 Döredijilik adamsy üçin örän ýerlikli sorag diýip düşünýärin. Çünki ylham her bir döredijiligiň tebigy binýady. Şol binýat adamyň zehini bilen utgaşýarda döredijilik emele gelýär. Aýdym-saz dünýäsinde ylham almak üçin ynsan özüne gam-gyssany däl-de, şadyýanlygy, ruhubelentligi hemra edinmeli bolýar. Men belli bir zatdan ylham alyp bilýänä diýibilemok ýöne durmuşda göwniçökgün bolmaly däl. Medeniýet adamlary duýguçyl bolýar, olar sähel zada begenip, sähel zada gynanyp hem bilýär. Şol sebäpden-de sungat adamsynyň döredijiligine onuň töwereginde bolup geçýän zatlar, adamlar bilen gatnaşyklary hem täsir edip bilýär. Durmuş hemişe birsydyrgyn däl. Onuň beýikli pesli ýollary, dürli häsiýetli ynsanlary bar. Emma durmuş şeýle ýollary, ynsanlary bilen manyly hem gözel. Töweregiňde mydama gowy ynsanlaryň bolmagyny isleýäň. Bu diňe özüňe däl, döredýän aýdymyň şowly bolmagy üçin hem zerurdyr. Ylham alyp aýdym işlemek bu şowly aýdymyň çykmagyna garaşmak diýmekdir. Şonuň üçin aýdymçynyň döredijiligindäki ylhamy belli bir zat diýip kesgitläp bolanok. Ol her bir aýdymçynyň ruhy dünýäsine bagly diýip pikir edýärin.

 

Ogulgerek şu ýerde dogry belläp geçdiňiz, «ylham almak üçin töweregiňde gowy adamlar bolmaly diýdiňiz», eýsem töweregiňde gowy adamlaryň bolmagyny gazanmak üçin näme etmeli.

 Töweregiňde gowy adamlary görmek isleseň ilki bilen özüň gowy bolmaly. Özüňe ýaramaýan zady ile etjek bolmaklyga çalyşmaly däl. Könelerimizde şeýle bir jümle bar: ― ýere näme ekseň şol gögerýär― diýilýär. Sada we akgöwün bolsaň töweregiňde hem şeýle ynsanlar bolar we bolmany hem biler. Sebäbi bäş barmagyň deň bolmaýşy ýaly, töwregimizdäki ynsanlaram her hilli häsiýetde bolup biler. Ýöne şeýle adamlaryň saýasynda biziň her birimiz durmuşyň sapagyny alýarys. Indikide şol mesele boýunça ýagdaý ýüze çykanda ynsan ýaýdanman, şoň çözgüdini tapýar we hiç kime zyýansyz, bähbitli taraplaryny etmeklige çalyşýar.

Özüňizde halamaýan häsiýetleriňiz?

 Meniň öz ýörelgelerim bar, şol ýöregelerimiň çygryndan çykylan ýagdaýynda pikir etmäni öz närazylygymy bildirýärin. Bu bolsa maňa kä ýerde bähbitli bolsa-da köp ýerde zyýan berýär. Şol sebäpli-de şu  häsiýetimi üýtgetmäge islegim bar.

  Geljekdäki maksatlaryňyz we okyjylarymyza maslahatlaryňyz.

 Geljekde-de öz saýlan ugrumdan ýagny aýdym-saz äleminde netijeli zähmet çekmekligi, täze aýdymlary, täze klipleriň üstünde işlemekligi maksat edinýärin.

Arzuwym ilki bilen ýurdumyz parahat bolsun, okyjylaryňam janlary sag, maşgalalary abat, abraý, bagt hemişe hemralary bolsun!

Maslahatlarym: Durmuşda ýaşamak bagtyna miýesser bolduňyzmy, diýmek Siz iň bagtly ynsan.

Adamkärçilikli, sada dilli we ruhubelent boluň!

Ogulgerek, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sagboluň! Mundan beýläkde aýdym-saz äleminde belent derejelere ýetmegiňizi, üstünlikli menzillerde ýollaryňyzyň dowamat dowam bolmagyny arzuw edýäris.

 

Şahsy maglumatlary

1987-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Lebap welaýatynyň Gazojak şäherine dogulan.

1995-nji ýylda 12-nji orta mekdebe 1-nji synpa okuwa bardy.

2012― 2017-nji ýyllarda häzirki Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda okady.

2009-njy ýylda «Türkmeniň Altyn asyry » bäsleşiginiň ýeňijisi.

Ýyldyzy: Mizan.

 Söhbetdeş bolan Şaperi OTUZOWA.

 

Internete birikmezden (offline ) habarlary okamak: Saýlamak mümkinçiligi

Applikasiýamyz offline işleýär we Siz internete birikmedik wagtyňyz hem Ata Watan habarlaryny okap bilersiňiz! Şeýle hem  islän habaryňyz boýunça Size hususy bildiriş gelmegini sazlap bilersiňiz!  Siz “sada görnüşi” saýlap WIFI ulgamyna birikmedik wagtyňyz mobil internetiňizi tygşytlap bilersiňiz! Ine biziň täze applikasiýamyzyň esasy aýratynlyklarynyň käbirleri!

Applikasiýamyzy indirip alyň

Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com    saýtynyň  täzelenen applikasiýasyny  öz mobil telefonyňyza indirip almak isleseňiz şu ýere basyň!  Applikasiýany ýüklemek üçin şeýle hem  Google Play-dan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp gözleg edip bilersiňiz!  Aşakdaky suratyň üstüne basmak bilen Applikasiýany ýüklemek mümkin! Applikasiýamyzy indiriň we aşakda sanaýan aýratynlyklarymyzy halajakdyňyza ynanýarys!

Beýleki Söhbetdeşliklerimiz:

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

 

Ýene-de okaň

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym

Gözel HOJAÝEWA: kalbymyň namasy aýdym-sazymda