TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNESJEMGYÝET

Oba hojalygy: miwe we gök önümleriň önümçiligi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik işi hem-de onuň inžener-tehniki düzümleriniň desgalary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda suwdan rejeli peýdalanmak we tutuş suw hojalyk ulgamyna degişli meselelere aýratyn üns berdi.

Milli Liderimiz Kaka etrabynda ýerleşýän “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün edýän suw göteriji bekedi bilen tanyşdy. Bu suw göteriji beket dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesi esasynda guruldy. Bu ýere ekinleri suwarmak üçin zerur bolan suw Garagum derýasynyň 630-njy kilometrliginden tehnologiýalaryň soňky gazananlary bolan, her biri 400 kilowatlyk 6 sany sorujy arkaly 1-nji suw bekedine gelýär.

Ondan soňra suw bu ýerden 12 kilometre golaý uzaklykda 61 metr beýiklikdäki 2-nji suw göteriji bekedine, ondan hem 10 kilometr uzaklykdaky 62 metr beýiklikde bolan 3-nji suw göteriji bekedine, soňra bolsa 5,5 kilometrden gowrak uzaklykda ýerleşýän 60 metr beýiklikdäki, göwrümi 70 müň kub metr bolan merkezi suw howdanyna guýulýar.

OBA HOJALYGYNYŇ IRI PAÝDARLAR JEMGYÝETI

“Miwe” açyk paýdarlar jemgyýeti miwe we beýleki gök önümleri öndürmek bilen meşgullanýar. “Gök bulut”, “Hemsaýa”, “Miweli atyz”, “Datly miwe” hojalyk jemgyýetleri onuň paýdarlary bolup durýar. “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetinde 345 iş orny döredildi.

Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, hojalyk jemgyýetleriniň — paýdarlaryň her birine uzak möhletli ulanmak üçin Kaka etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginiň çäginden 300 gektar ýer bölekleri bölünip berildi. Gök, miwe önümlerini hem-de üzüm öndürmek üçin bölünip berlen ýerleriň umumy meýdany 1200 gektara barabardyr.

“Gök bulut” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kuwwaty ýylda 370 tonna hoz, 520 tonna alma, 120 tonna garaly, 140 tonna şetdaly, 1 müň 500 tonna armyt öndürmäge niýetlenendir.

“Hemsaýa” hojalyk jemgyýetinde ýylda 180 tonna badam hem-de 2 müň 100 tonna hurma öndürmek meýilleşdirilýär.

“Miweli atyz” we “Datly miwe” hojalyk jemgyýetleri hem badam öndürmäge ýöriteleşdirilendir. Bu ýerde ýylda bu gymmatly önümiň degişlilikde 340 we 320 tonnasyny almak göz öňünde tutulýar.

BANAN WE SITRUS MIWELERI ÖNÜMÇILIGI

Mundan başga-da, tutuş hojalyk jemgyýetleri boýunça gök we beýleki önümleri, şol sanda banan we sitrus önümlerini ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanany gurmak üçin 80 gektar ýer bölünip berildi. Onuň önümçilik kuwwaty ýylda 8 müň tonna barabardyr.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň tertibi

 

 

Ýene-de okaň

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Türkmenistanda dürli maksatly plastik kartlar öndüriler

Içerki bazarda tüýjümek önümler ýerlenildi

Teswirle