DÜNÝÄ

Noziri YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi. Milli Liderimiziň adyna gelen hatda Aşgabatda YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli geçirilendigi bellenilýär.

Bu hatda hususan-da şeýle diýilýär:

– Siziň Alyhezretiňiziň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döredilen güni mynasybetli iberen gutlag hatyňyzy ägirt uly kanagatlanma bilen kabul etdim.

Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin, şeýle hem Siziň Alyhezretiňizi bu şanly sene bilen gutlaýaryn.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi hem-de Türkmenistanyň Hökümetini ajaýyp şäher Aşgabatda YHG-nyň 15-nji sammitiniň we onuň öň ýanynda YHG ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlaýaryn.

Bu forumlaryň netijeleriniň peýdaly hem-de YHG sebitinde işjeň goşulyşmak üçin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen umumy maksatlarymyza ýetmegiň ýolunda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.

 

Sergen Ýalçyn tälimçilikden meýletin çekildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň Wena sapary

Aşgabatda Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi geçirilýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

Nadir Alparslan: Türkiýe we Türkmenistan Ýüpek ýoluny dikeldýärler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ösüş boýunça ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Wengriýada Orban döwri tamamlandy: täze Premýer-ministr Peter Madýar boldy