SPORT

Nowak Jokowiç ― «Uimbldon» ýaryşynyň alty gezek ýeňijisi

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Londonda geçirilen «Uimbldon» finalynda italiýaly Matteo Berrettini yzga galdyryp, öz işinde altynjy gezek şu ýaryşyň ýeňijisi boldy. 3 sagat 24 minut dowam eden duşuşyk, 6: 7 (4: 7), 6: 4, 6: 4, 6: 3 hasabynda tamamlandy. 

Häzirki wagtda Jokowiç professional tennisçileriň sanawynda 1-nji orunda, Berretti 9-njy oruny eýeleýär. Ýene-de bir bellemeli hakykat, serbiýaly tennisçisi «Uly tuwulga» tapgyryna girýän ýaryşlarda 20-nji ýeňşini gazandy we bu görkeziji boýunça rekord eýeleri şweýsariýaly Rožer Federer we ispaniýaly Rafael Nadal bilen deň boldy.

«Uimbldondaky» çempionlyk abraýynyň sany boýunça Federer öňde barýar. Onuň hasabynda 8 sany çempionlyk ady bar. Ýaryşyň bir gün öň  zenanlar arasynda geçirilen final duşuşygynda awstraliýaly Eşli Barti, çehiýaly garşydaşy Karolina Plişkowany ýeňip, ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Bu ýeňiş Bartiniň «Uimbldondaky» ilkinji ýeňşi boldy.

13-nji iýuldaky howa maglumaty

 

 

 

Related posts

Niko Uilýams “Atletiko” toparynda 10 ýyl galýar

Katar dünýä çempionatyna taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri

Futbol derwezesiniñ tory 129 ýaşynda

Dr.Döwran Orazgylyjov